Ubisoft kompaniýasynyň täze ýaryş oýny bolan The Crew 3 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda bildiriş ediler. Gazeta.ru-nyň habaryna görä, bu barada ResetEra oýun forumynyň ulanyjysy dex3108 lakamy bilen "The Crew 2" oýnunyň Twitter-akkauntyndan gelen habara salgylanyp habar berdi. "Ertir. 5PM UTC / 9AM PST-de (21:00 GMT + 4) "- diýip, The Crew 2 akkaunty ýazdy. Maglumatlara görä, oýun Motorfest diýlip atlandyrylar. Şeýle-de bolsa, Hendersonyň pikiriçe, Ubisoft serianyň esasy adyny düýbünden aýryp, bir söz bilen - Motorfest diýip atlandyrylyp bilner. Oýundaky hereketler Gawaýleriň Oahu adasynda ýaýbaňlanýar. Insaýderiň sözüne ynansaň, “The Crew: Motorfest” ýa-da ýöne “Motorfest” ilkibaşda “Crew 2”-ä goşundy hökmünde işlenip düzüldi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen taslama ösdi we ony täze hereketdäki aýratyn oýun hökmünde çykarmak kararyna gelindi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir