Ýaponiýanyň Toyota Motor konserni 2023-nji ýylda 10,6 million awtoulag öndürip biler diýip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar. Şeýlelik bilen, görkezijiniň 2019-njy ýyldaky rekord 9,1 million ulag derejesinden ýokary boljagyna şübhe ýok. Optimistik çaklama awtoulag bölekleriniň üpjünçilik zynjyryndaky ýagdaýyň gowulaşmagy bilen baglanyşyklydyr diýip, awtoulag öndürijisi belleýär. 2022-nji ýylda konserniň Toyota we Lexus brendleri ýylyň başyndan noýabr aýynyň ahyryna çenli jemi 8,3 million awtoulag öndürdi. Şol bir wagtyň özünde, 2023-nji ýylda ýarymgeçirijileriň ýetmezçiligi azalmasa, Toyota meýilnamada bellenenden 10% peselip biler diýip, Toyota-nyň satyn alyş boýunça müdiri Kadzunari Kumakura aýtdy. "Häzirki wagtda entegem çaklamalary etmek kyn" – diýip Kumakura belledi. Duşenbe güni Tokiodaky söwdalaşyklarda Toyota-nyň paýnamalary 0,1% gymmatlady. 12 aýyň dowamynda kompaniýanyň kapitalizasiýasy 25% azaldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir