Apple gurluşlarynyň - M2 Pro we M2 Max prosessorly Macbook Pro-nyň, şeýle hem M2 we M2 Pro-ly Mac Mini-niň gysgaça tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. M2 Pro we M2 Max-da Macbook Pro Täze 14 we 16 dýumlyk noutbuklar tehniki artykmaçlyklarynyň hasam köpelendigi bilen magtanyp bilerler. M2 Pro prosessorly wersiýasy 19 grafiki ýadro we 32 Gb RAM-a çenli 12 ýadroly prosessor alar. M2 Max prosessorly wersiýa 38 grafiki ýadro we 96 Gb RAM bilen hasam öňe saýlanar. Satuw 24-nji fewralda başlar: M2 Pro-ly 14 dýuým-lyk wersiýa 2000 dollardan, 16 dýuým-lyk modeli 2499 dollardan başlar. M2 Max prosessorly wersiýalar ondanam gymmat. M2 Pro-nyň M2-den hem iki esse köp tranzistory bar we M1 Pro-dan 20% köp. Öndürijiligi hasam gowy. Apple M2 Pro-daky Adobe Photoshop-yň M1 Pro-dan 40%, Intel Core i9 prosessorly MacBook Pro-dan 80% çaltdygyny tassyklaýar. M2 Max grafikalary M1 Max-dan takmynan 30% çalt işläp berejýär we bäsdeşleriniň "hatda işledip bilmeýän" grafikalary bilen hem işläp bilýär. M2-li Mac Mini M2-li Mac Mini-niň esasy modeliniň 8 Gb RAM-y we 256 Gb ammar-y bar. Portlara HDMI, gigabit internet, gulaklyklar üçin adaty kese kesigi, iki USB-A port we iki sany Thunderbolt 4 (USB-C) port girýär. Bahasy 599 $. Mundan başga-da, M2 Pro prosessorly Mac Mini wersiýasy bolar. Esasy konfigurasiýasynda 16 Gb RAM, 512 Gb SSD ammary we iki sany goşmaça Thunderbolt 4 porty bar - ýogsam bu model Mac Mini M2 bilen birmeňzeşdir. Bahasy - 1299 $ -dan.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir