Apple kompaniýasy 2023-nji ýylyň iýun aýynda WWDC-ni döredijileriň konferensiýasynda iOS 17 operasiýa ulgamynyň täze wersiýasyny hödürlär. Phone Arena neşiri çak edilýän täzelikler barada gürrüň berdi, şeýle hem döwrebaplaşdyrylan programma üpjünçiligini aljak gurluşlaryň sanawyny düzdi. Deslapky maglumatlara görä, iMessage iOS 17-den başlap düýbünden täzeden işlener, şeýle hem ekrandaky nyşan arkaly dürli funksiýalary çalt işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýän täze interaktiw gurallar bolar. Mundan başga-da, Apple Music markaly aýdym-saz goşundysy hasam kämilleşer. Netijede, döredijiler tutuş ulgamyň durnuklylygyny we umumy akgynlylygyny ep-esli ýokarlandyrmalydyrlar. iPhone smartfonunyň 2018-nji ýyldan soň goýberilen ähli modelleriniň iOS 17 goldawyny almagyna garaşylýar. Şeýlelikde, gürrüň şu aşakdaky gurluşlar barada gidýär: iPhone XS we iPhone XS Max; iPhone XR; iPhone 11, iPhone 11 Pro we Pro Max; iPhone 12 mini, iPhone 12, iPhone 12 Pro we iPhone 12 Pro Max; iPhone 13 mini, iPhone 13, iPhone 13 Pro we iPhone 13 Pro Max; iPhone 14, iPhone 14 Plus, iPhone 14 Pro we iPhone 14 Pro Max. Mundan başga-da, iOS 17 operasiýa ulgamy Apple-iň indiki nesliniň smartfonlarynda - adatça sentýabr aýynda ilkinji gezek çykjak iPhone 15 -de gurlar. Modeliň “köne” wersiýalary düýbünden täze A17 Bionic çipini alar, bu bolsa tutuş ulgamyň tizligini ep-esli ýokarlandyrar we energiýa sarp edilişini azaldar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir