2022-nji ýyl möwsüminiň “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň dokuzynjy tapgyrynyň programmasy – Kanadanyň Gran-prisi anna güni başlaýar. Ýaryşlar Žilýa Wilnýowa adyndaky awtodromda geçiriler. Bu barada TASS habar berýär. Kanadanyň Gran-prisi üç ýylda ilkinji gezek geçiriler – geçenki iki möwsümde tapgyr koronawirus pandemiýasy sebäpli ýatyrylypdy. Ýatlap geçsek, geçenki tapgyr bolan Azerbaýjanyň Gran-prisinde Şarl Lekler hem, onuň topardaşy ispaniýaly Karls Saýns hem pellehana ýetip bilmedi. “Red Bulldan” niderlandiýaly Maks Ferstappen möwsümiň bäşinji ýaryşynda ýeňiş gazanyp, şahsy sanawda öňdebaryjylygyny berkitdi (150 utuk), meksikaly Serhio Peres bolsa ikinji bolup, çempionatda ikinji orna çykdy, ol topardaşyndan 21 utuk yza galýar. Lekler häzirki dünýä çempionyndan 34 utuk yzda. Konstruktorlaryň kubogynda “Red Bull” “Ferrariden” 80 utuk bilen üstün çykýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir