Nohurlaryň gelip-çykyşy dogrusyndaky taryhy materiýallar esasan rowaýatlara daýanýar.
Käbir rowaýatlarda aýdylmagyna görä Nohurlaryň ady Nuh pygamber we onuň gämisi bilen baglanyşykly diýlip hasap edilýär.
Nohurlaryň asyl gelip çykyşy hakynda her hili rowaýatlar il içinde ýaýranam bolsa, bu tirä degişli Taryhy nukdaýnazardan seretmek ýerlikli boljak...
Käbir tireleriň atlaryny antik eýýamlardaky taýpalaryň içinden biraz üýtgän görnüşinde tapmak mümkindir. Meselem ''Oguz''=Aogasi, Pasian = Oguz taýpasy Peçenek, Sakarawka = türkmen taýpasy Sakar, Asiýany = Oguz taýpasy Ýazyr görnüşinde saklanyp galandygyny S. P. Tolstow belläp geçýän bolsa, G. P. Karpow Saklaryň Amirgiý taýpasyny Oguzlaryň Eýmir tiresinden hasaplan bolsa belkäm Nohurlar hem Antik eýýamlarynda şolar ýaly atlar bilen taryh sahnasyna çykan bolarly...
Taryhyň atasy hasaplanylýan Geredotyň ''Taryh'' atly ylmy eseriniň 1-nji jildinde ''Neur'' atly taýpadan söz açýar. Özem bu taýpanyň Dariýuşa garşy aýaga galan beýleki Sarmatlar bilen bilelikde ýatlanyp geçilipdir. Diýmek şol döwürlerde Neurlar Sarmatlaryň ýaranlygynda ýaşan Turan taýpalarynyň biri bolmaly.
Begmyrat Gereý şol Neurlary türkmen taýpasy Nohurlar bolan bolaýmasyn diýip çak edýär. Alym B. Gereý Gerodota salgylanmak bilen şeýle diýýär: ''...Şonuň ýaly-da 4-nji kitabyň (Gerodotyň taryhynyň) 17-nji bölüminde Neurlar daýhan taýpadyr...'' diýen gysgaça maglumatlardan peýdalanypdyr. Diýmek Neurlar Gadymy Turanyň ekerançylyk bilen meşgullanan taýpalary bolmaly. Belki-de Nohur sözi bir az üýtgän görnüşde Gerodotyň eserinde Neur diýen atlandyrma bilen ýazylan bolarly.
Neur ady grekçe ''Neurói'' diýlip ýazylypdyr. Olar Gerodotyň ýaşan döwründe b.e.öňki VI - V asyrlarda olar köpçülikleýin demirgazyga tarap Dnestr derýasynyň, günorta Buganyň we Pripýatyň kenaryna çenli göçüp barypdyrlar. P. I. Şafarik, L. Niderle ýaly käbir alymlar Neurlary slawýanlar diýip çaklaýarlar.
Emma bu çaklama örän ýerliksizdir...
Biziň pikirimizçe Professor Begmyrat Gereýiň çaklamasy hakykata ýakyn ýaly görnüp dur.
Sebäbi teswirleýjiler şol taýpanyň esasy simwol edinip ulanan haýwany möjek şekili bolupdyr diýýärler. Neur urşujylarynyň käbiri özleriniň başyna möjegiň kellesini we derisini geýendiklerini taryhçylar nygtaýarlar. Bolmanam başyna möjek derisini dakynyp şol döwürlerde häzirki Belarussiýanyň çäklerine baryp ýeten Neurlaryň ýöneligine möjek simwolyny götermekleri tötänleýin bolmadyk bolsa gerek. Oguznamanyň Pariždaky nusgasynda Oguzhan hem ýol görkeziji hökmünde Möjek rol oýnaýar. Oguz han eýýamyndan aşyp Gorkut atanyň eýýamy gelip ýetende ýene olaryň oňany Möjek bolupdyr. Möjek kellesi bolsa Göktürkmenleriň tugynda pasyrdaýardy...

Edebiýat:

1. Begmyrat GEREÝ. ''PARFIÝALYLAR'' (PARTLAR)...


2. Третьяков П. Н., Восточнославянские племена, 2 изд., М. — Л., 1953.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir