Ferrari elektromobil üçin ses generatoryny patentledi. Ol içinden ýandyrylýan hereketlendirijiniň sesini ýasar

Ferrari kompaniýasy mart aýynda geljekki elektromobillerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijiniň sesini ýasajak gurluşlar bilen bagly iki patent üçin ABŞ-nyň Patent edarasyna ýüz tutdy. Bu barada Motor Authority neşiri habar berýär.
Patentleriň biri üç motory, ses generatorlary we sesi gönüden-göni salona ugrukdyrjak goşmaça kanallary bo...

Dowamy »

282 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Motoryň sesine küýseginde: Lamborghini V12-siniň motor sesini winil plastinkasyna ýazgy etdi

Özüniň ses enjamlary bilen tanalýan Technics firmasy we Y-görnüşli elementli, superkar öndürýän Lamborghini özboluşly winil plastinkalaryny oýnadýan enjamy döretmek üçin birleşdiler diýip, auto.ru ýazýar.
DJ-leriň arasynda meşhur bolan model Technics SL-1200MK7-iň ýörite wersiýasy, Y-görnüşli elementli Lamborghini stilindäki dizaýny aldy. En...

Dowamy »

271 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Apple eplenýän iPhone we MacBook döretmek üçin ýene-de Samsung bilen hyzmatdaşlyk eder

DigiTimes-iň habar bermegine görä, Apple we Samsung eplenýän enjamlary ösdürmek barada şertnama baglaşdy.
Jikme-jiklikler entek aýan edilmese-de, bu şertnama Apple-iň eplenýän enjamlar dünýäsine äden möhüm ädimi boldy.
Mundan ozal insaýderler Apple-iň ilkinji eplenýän önümi boljak MacBook-yň 2025-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2026-njy ýyly...

Dowamy »

286 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

ChatGPT-iň "atasy": Emeli aň hakykatdanam köp adamy işsiz goýar

OpenAI-ny esaslandyryjy we ChatGPT-ni döredijileriň biri bolan Sem Altman emeli aňyň (AI) ýakyn wagtda iş ýerleriniň azalmagyna sebäp bolup biljekdigi baradaky howatyrlanmanyň esassyz däldigini aýtdy.
Altman: "Häzir meni hemme zatdan beter sosial-ykdysady üýtgemeşleriň nähili tizlikde we gerimde bolup geçjekdigi, onuň ýetirjek täsiri alada...

Dowamy »

303 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Islandiýada dünýäde iň uly atmosferany arassalaýyş zawody işe girizildi

Islandiýada Ýeriň atmosferasyny hapalaýjy maddalardan arassalamak boýunça dünýäde iň uly zawod işläp başlady. Bu barada ixbt.com habar berýär.
Mammoth atly fabrika atmosferadan kömürturşy gazyny göni tutýan ikinji täjirçilik desgasydyr. Ol Climeworks kompaniýasy tarapyndan guruldy we bu 2021-nji ýylda açylan birinji fabrikadan 10 esse uludyr...

Dowamy »

316 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Satuwy azalsa-da, gazanjy artdy: Samsung hindi bazarynda liderligini ýitirdi

Samsung ABŞ-da we dünýä bazarynda paýyny artdyrsa-da, Hindistanda ýagdaý günorta koreýaly kompaniýa üçin o diýen üstünlikli bolmady. Birinji çärýegiň jemi boýunça, kompaniýa göni üçünji orna düşdi. Bu barada ixbt.com belleýär.
Counterpoint analitikleri bir ýyl mundan ozal 20,3% paý bilen birinji orny eýelän Samsung-yň 17,5% paý bilen üçünji...

Dowamy »

284 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Samsung arkasy deri panelli Galaxy F55 smartfonynyň hödürlenjek senesini yglan etdi

Samsung kompaniýasy özüniň täze Galaxy F55 smartfonynyň görkeziljek senesini resmi taýdan tassyklady. Bu çäre 17-nji maýda Hindistanda geçiriler. Smartfonyň bahasynyň 240-360 dollar bolmagyna garaşylýar diýip, gagadget.com habar berýär.
Çeşmeler Galaxy F55-iň ýaňy-ýakynda Hytaýda ilkinji gezek çykan Galaxy C55 smartfonynyň rebrend görnüşi bo...

Dowamy »

315 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

BMW täze M4 kupesiniň has güýçlendirilen görnüşini hödürledi

BMW M4 CS kupesiniň täze modifikasiýasyny hödürledi - sport awtoulagy öňküsinden has güýçli we ýeňil boldy.
Täze önüm 550 at güýji (soňky sapar gaýtadan işlenenden soň adaty M4 Competition-iňkiden 20 at güýji köp ) 3,0 litrlik turbo hereketlendirijisini aldy. Ol sportkara 100 km/sag tizlige 3,4 sekuntda ýetmäge mümkinçilik berýär we iň aňryb...

Dowamy »

321 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

“Google Habarlarda” “GIF selfi” - gysga selfi wideolar peýda bolar

“Google Habarlar” programmasy ulanyjylara gysga, yzygiderli wideo habarlaryny ibermäge mümkinçilik berýän “GIF Selfi” aýratynlygy peýda bolar diýip, Android Authority habar berýär.
Täze aýratynlyk smartfonyň öň ýa-da esasy kamerasynda ýazgy edilen üç sekuntlyk wideodyr. “GIF selfini” döretmek üçin çaty açmaly, habarlar panelinde kameranyň ny...

Dowamy »

305 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Huawei bütinleý Android-den aýrylyp HarmonyOS Next-e geçýär

Huawei Android operasion ulgamyny (OS) öz smartfonlarynda ulanmagy düýbünden bes etmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Geçiş Huawei-iň öz OS-y bolan “HarmonyOS Next-iň” peýdasyna amala aşyrylar diýip, IXBT ýazýar.
“HarmonyOS Next” şu ýylyň oktýabr aýynda satuwa çykarylmagy meýilleşdirilen Mate 70 smartfonlarynyň flagman seriýalary bilen bi...

Dowamy »

291 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Hytaý SkyNet-i işe girizýär. Ol Ýeriň islendik ýerinde internete girmäge niýetlenendir

Hytaý dünýäniň islendik ýerinde ýokary tizlikli internete girmek üçin döredilen ägirt uly internet hemralarynyň ulgamy bolan SkyNet-iň gurluşygyna başlady. Şu maksat bilen 9-njy maýda ilkinji Zhihui Tianwang-01 (Smart SkyNet-01) synag emeli hemrasy ýurduň günorta-günbataryndaky Siçan kosmodromyndan üstünlikli uçuryldy diýip, scmp.com. habar berýär....

Dowamy »

287 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Nissan söwda dilerlerine awtoulaglaryny has uly arzanlaşyk bilen satmaga rugsat berdi

Ammarlaryň önümden çakdanaşa doludygy sebäpli, Nissan ABŞ-daky söwda dilerlerine awtoulaglary maslahat berlen bölek satuw bahasyndan hem arzan satmaga rugsat berdi diýip, IXBT habar berýär.
Cox Automotive-iň berýän maglumatlaryna görä, Nissan awtoulaglary satyn alynmazdan öň 98 günläp dilerleriň ambarlarynda durýar.
Satuwy höweslendir...

Dowamy »

287 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Awstraliýa tehnologiýa ägirtlerine gözegçiligi güýçlendirer

Ýewropanyň we ABŞ-nyň yzýany Aziýa ýurtlary hem iri tehnologiýa kompaniýalarynyň işine gözegçiligi güýçlendirýärler. Faýnansal Taýms gazetiniň habar bermegine görä, Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Awstraliýa Apple-iň we Google-yň öz bazarlarynda agdyklyk etmegini çäklendirmäge gönükdirilen täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlaýarlar ýa-da eýýäm güýje...

Dowamy »

298 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Londonda start-ap adaty bolmadyk ulagy – pedalda işleýän ýük awtoulagyny hödürledi

Düýbi Londonda ýerleşýän Cityshuttle start-apy sürüjisi pedaly aýlamaly bolan dünýäde ilkinji elektrik awtoulagyny çykardy. ePack diýlip atlandyrylýan täze önüm eltip berme hyzmatlarynda awtoulaglaryň, skuterleriň we welosipedleriň ornuny tutmaga niýetlenendir diýip, Mail.ru ýazýar.
ePack 250 wattlyk elektrik hereketlendirijisi bilen enjamla...

Dowamy »

304 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Microsoft Word-da tekst goýmak bilen bagly, köpden bäri dowam edip gelýän meseläni çözdi

Microsoft kompaniýasy Word-da işlenilende tekst goýlanda formatirleme bilen bagly, köpden bäri dowam edip gelýän meseläni çözýän täzelenme çykardy. Bu barada 3DNews habar berýär.
Şu wagta çenli tekst başga bir çeşmeden göçürilende Word resminamasyndaky tekstiň formaty, köplenç, gabat gelmän ulanyjylar üçin oňaýsyzlyk döredýärdi.
Word-...

Dowamy »

286 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Eksklýuziwiň gözlegindemi? Örän seýrek Chevrolet Corvette C5-R ýaryş ulagy satuwa çykaryldy

Lýuksemburgda örän seýrek Chevrolet Corvette C5-R satuwa çykaryldy. Bu Chevrolet kompaniýasy tarapyndan 1999-2005-nji ýyllar aralygynda zawod topary üçin gurlan bäşinji nesil Corvette-iň ýaryş modifikasiýasynyň 11 nusgasynyň biridir diýip, Art&Revs ekzotik awtoulag dileriniň web sahypasyna salgylanýan auto.ru habar berýär.
Taryhda iň üstünli...

Dowamy »

268 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Apple iPhone 16 Pro-nyň ekranlarynyň ýagtylygyny ep-esli ýokarlandyryp biler

Ýakynda çykjak flagman iPhone 16 Pro-nyň displeýleri SDR-kontenti oýnadylanda ozalkydan 20% ýagty bolar. Rozetked portaly bu barada hytaýly insaýderlere salgylanyp ýazýar.
Syzdyrmalara görä, displeýleriň adaty ýagtylygy ozalky 1000 nite garaňda 1200 nite ýeter. Iň ýokary HDR ýagtylygy 1600 nitde üýtgewsiz galar.
iPhone 16-ň tanyşdyryl...

Dowamy »

276 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Toyota täzelenen Highlander 2024-i iýunda çykarar: ol öňküden sessiz, akylly, tehnologik bolar

Täzelenen Toyota Highlander 2024 iýun aýynda görkeziler. Tanyşdyrylyş dabarasynyň öňüsyrasynda GAC Toyota bilelikdäki kärhananyň söwda dellaly geljekki krossower barada käbir maglumatlary açdy diýip, dongchedi.com ýazýar.
Highlander-iň daşky dizaýny üýtgemez, emma krossower rahatlygyny we enjamlaşdyrylyşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnä...

Dowamy »

291 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

YouTube wideonyň iň gyzykly ýerine geçirýän "akylly" saraýyş funksiýasyny synag edýär

YouTube-daky wideo dolandyryşyk (wideohosting), wideonyñ iň köp görülýän ýerine saratmagyň synagyny geçirip başlady. Bu funksiýa "Jump ahead"-diýlip atlandyryldy.
Jump ahead AI tehnologiýalaryna we wideo görlüşi baradaky maglumatlara esaslanýar. Wideony iň köp tomaşa edilýän pursatyna saratmak üçin ulanyjy wideoroligiň üstüne iki gezek basyp...

Dowamy »

290 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Xiaomi-den hojalykda ulanmak üçin täze tehnika: güýçli we “akylly” pol kondisioneri

ITHome portalynyň habar bermegine görä, Xiaomi gelşikli dizaýny, ýokary öndürijiligi we akylly aýratynlyklary özünde jemleýän täze Mijia 3 HP polüsti kondisionerini öndürdi.
Enjamyň sowadyjylyk kuwwaty 1930 Wt we ýyladyş güýji 2680 Wt bolup, meýdany 25 inedördül metre çenli bolan otagda amatly mikroklimaty üpjün edýär.
Kunyi bionic go...

Dowamy »

301 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago