Norwegiýanyň patyşasy Harald V keselhana düşdi

Norwegiýanyň patyşasy Harald V keselhana ýerleşdirildi we ol ýerde iki hepdä golaý wagtyň dowamynda bejergi alar. Bu barada Ýurduň Patyşalyk diwany habar berdi.

89 ýaşly monarh häzirki wagtda Ýewropada iň ýaşuly hökümdarlaryň biri hasaplanylýar.

Beýanatda Harald V-iň «saglyk ýagdaýy sebäpli rugsatdadygy» bellenilýär. K...

Dowamy »

16 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Belgiýada işçiler 9 million ýewrolyk altynyň üstünden bardylar: özlerine aldylarmy?

Belgiýanyň Sint-Gillis-Was şäherinde abatlaýyş işleri geçirilen mahaly gurluşykçylar gizlenip goýlan altyn tapdylar. Onuň deslapky bahasy 9 million ýewro barabar.

Tapyndy XIX asyryň ahyrynda piwo zawodynyň eýesi Teofilus Wan Assha degişli bolan jaýyň ýerzemininde tapyldy. Häzirki wagtda bu taryhy bina CAW Oost-Vlaanderen sosial ýarda...

Dowamy »

20 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Täze äpet Tesla batareýasy 385 müň öýi 4 sagatlap tok bilen üpjün edip biler

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Poueý şäherinde Tesla Megapack batareýalarynyň binýadynda, bahasy 290 million dollara deň bolan ägirt uly energiýa toplaýjy ulgam işe girizildi. Ol doly güýjünde işlände 385 müň öýi 4 sagatlap elektrik energiýasy bilen üpjün edip bilýär.

Ulgamyň güýji 300 Mwt, sygymy bolsa 1200 Mwt·s-a barabardyr.
...

Dowamy »

23 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Aşgabatda Türkmenistan bilen Bangladeşiň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi

15-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň hem-de Bangladeş Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmen wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Bangladeşiň wekiliýetine bolsa ýurduň Hökümetiniň Daşary işler ministrliginiň Gündogar we Günbatar ýurtlary b...

Dowamy »

23 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Hytaý inženerleri 800 adamy bir uçara sygdyrjak bolýar: bu bolup biljek zatmy?

Hytaýly gözlegçiler topary bir wagtyň özünde 800 adam daşap biljek reaktiw ýolagçy laýneriniň taslamasynyň üstünde işleýär. Bu barada Journal of Aerospace Power ylmy žurnalyna salgylanýan South China Morning Post neşiri ýazýar.

Täze taslama «uçýan ganat» aerodinamiki çyzgysy boýunça amala aşyrylýar.

Uçar enjamynyň kons...

Dowamy »

21 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Awaza etrabynyň häkimi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň başlygy çalşyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Döwlet Rozymyradowiç Jumaýew Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerinden boşadyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, b...

Dowamy »

22 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Bürünç eýýamynyň modasy: Gadymy Ýunan begzadalary meteorit ýüzük dakynypdyr

Adamzat magdandan demir eretme tehnologiýasyny özleşdirmänkä bu metal örän seýrek duş gelip, altyn bilen deň görülýän ekeni. Onuň ýeke-täk elýeterli çeşmesi bolsa Ýere düşýän meteoritler bolupdyr.

Gadymy grekleriň bu «asman» materialyny ulanyp-ulanmanlygy uzak wagt bäri syr bolup galypdy. Emma ýakynda Journal of Archaeological Scienc...

Dowamy »

28 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

Ronaldu 2027-nji ýylda karýerasyny tamamlamak niýetiniň bardygyny aýtdy

Portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu «Vogue» žurnaly bilen söhbetdeşlikde 2026/27 möwsüminiň öz karýerasynda iň soňky möwsüm boljagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

41 ýaşly türgen sportdan gidenden soň etsem-petsemleriniň köpdügini belledi.

«Bu, megerem, meniň futboldaky iň soňky ýylym bolar, şonuň üçin özümden soň uly yz...

Dowamy »

26 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

Time: Emeli aň ilkinji gezek adamy işden çykardy

San-Fransiskoda emeli aň bir işgäri işden çykarmak baradaky çözgüdi kabul etdi. Beýle ýagdaý dünýäde ilkinji gezek hasaba alyndy diýip, «Time» žurnaly habar berýär.

Bu waka awtonom emeli aň agentlerini synagdan geçirýän, şwesiýanyň Andon Labs startapy tarapyndan dolandyrylýan Andon Market dükanynda bolup geçdi. Dolandyryjylyk işlerin...

Dowamy »

26 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

Milliarder Larri Ellison iki aýyň içinde 104 milliard ýitirdi

Oracle kompaniýasynyň paýnamalarynyň birden arzanlamagy netijesinde onuň esaslandyryjylarynyň biri bolan Larri Ellison iki aýda takmynan 104 milliard dollar ýitirdi. «Forbes» neşiriniň ýazmagyna görä, milliarder dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji orundan sekizinji orna düşdi.

Geçen anna güni Ellisonyň baýlygy bir günüň için...

Dowamy »

23 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

210 sany «Mosartyň» ogurlanmagy sebäpli Zalsburgdaky sergi möhletinden öň ýapyldy

Zalsburgda Wolfgang Amadeý Mosartyň altyn heýkeljikleriniň sergisi eksponatlaryň yzygiderli ogurlanmagy sebäpli möhletinden öň ýapyldy. Bu barada ýerli «ORF Landesstudio Salzburg» neşiri habar berýär.

Iýul aýynyň ortalarynda «Mosarteum» gaznasy kompozitoryň öýüniň bagynda we otaglarynda nemes suratkeşi Ottmar Hörl tarapyndan döredile...

Dowamy »

21 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

Lihtenşteýnde taryhy kanun kabul edildi: indi zenanlar hem tagta geçip biler

Lihtenşteýniň Knýazlyk öýi tagtyň miras geçiş düzgünlerini üýtgetdi: indi zenanlar hem erkekler bilen deň hatarda tagty eýeläp biler.

Knýazlyk öýüniň 15-nji awgustda çap edilen metbugat beýanatyna görä, knýaz maşgalasynyň nesillerinden bolan zenanlar nesilşalyk bilen bagly meselelere gatnaşmakda erkekler bilen birmeňzeş hukuklara eýe...

Dowamy »

21 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

Alymlar «ýalançy aýna» döretdiler

Los-Anjelesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary «ýalançy aýna» diýlip atlandyrylýan täze optik enjamy oýlap tapdylar.

Adaty aýnalardan tapawutlylykda, bu aýna özüne düşýän ýagtylygy diňe bir yza serpikdirmek bilen çäklenmän, ony öňünden bellibir şekile salýar. Özi-de muny hiç hili batareýasyz, ekransyz hem elektronikasyz ýerine...

Dowamy »

22 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

Türkmenistan Serbiýadaky EXPO-2027 sergisinde milli pawilýonyň gurluşygyna girişer

Türkmenistanyň Prezidenti Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Belgradda (Serbiýa) geçiriljek «EXPO-2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak üçin ýurduň milli pawilýonyny gurmaga we gurnamaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Resminama Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini giňd...

Dowamy »

21 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

«Gelmezlik ähtimallygy — 0%»: McDonald’s ähli müşderileriniň maglumatyny toplaýar

Wired neşiriniň žurnalisti Riz Rojers tiz tagam (fast-food) torlarynyň hemişelik müşderileriniň şahsy durmuşyna näderejede içgin aralaşýandygyny anyklap görmegi ýüregine düwdi.

Kaliforniýa ştatynyň kanunçylygy toplanan şahsy maglumatlary talap etmäge rugsat berýär. Bu hukukdan peýdalanyp, žurnalist McDonald’s-a ýüz tutdy hem-de özüni...

Dowamy »

21 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

DPA: Germaniýanyň kenarýakasyny zäherli suwotular tutdy

Baltik deňziniň meşhur şypahanalarynda we Germaniýanyň demirgazygyndaky köllerde dowamly jokrama yssy sebäpli zäherli gök suwotular çaltlyk bilen köpelip başlady. Käbir ýerlerde häkimiýetler eýýäm suwa düşmegi gadagan etdiler diýip, DPA habar berýär.

​Kosmosdan alnan suratlar Rostok bilen Hiddenzeýe aralygyndaky kenarda suwotularyň u...

Dowamy »

23 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

«Lans» 45 minut azlykda oýnap, «PSŽ-ni» ýeňdi we Fransiýanyň Superkubogyny eýeledi

«Lans» Fransiýanyň Superkubogy ugrundaky duşuşykda «Pari Sen-Žermeni» 1:0 hasabynda utup, öz taryhynda ilkinji gezek bu kubogy gazandy. Oýun Lans şäherindäki «Bollar-Delelis» stadionynda geçirildi.

Duşuşykda ýeke-täk goly 32-nji minutda «Lansyň» ýarymgoragçysy Florian Towen geçirdi. Az wagtdan soň, 39-njy minutda topar azlykda galdy....

Dowamy »

22 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

Serdar Berdimuhamedow Indoneziýany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianto we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany pursatdan peýdalanyp, Prabowo Subianto tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagty...

Dowamy »

18 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

Türkmenistanda hepdäniň ikinji ýarymy ýagynly bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň berýän maglumatyna görä, şu hepde ýurt boýunça üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Hepdäniň ikinji ýarymynda käbir sebitlerde ýagyş ýagmagyna garaşylýar.

Temperatura gijelerine iň pes +20°C-dan, gündizlerine iň ýokary +43°C-a ýeter. Şemalyň tizli...

Dowamy »

19 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

​Inçhon aeroporty ýolagçy sany boýunça Hitroudan öňe geçdi

Inçhon halkara aeroporty Günorta Koreýanyň taryhynda ilkinji gezek dünýäde iň köp ýolagçy kabul eden aeroport hökmünde ykrar edildi.

​Aeroportlaryň halkara geňeşiniň (ACI) deslapky maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda Günorta Koreýanyň baş howa derwezesi bütin dünýäden 38,39 million ýolagça hyzmat etdi. Bu sanlaryň...

Dowamy »

20 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago