Hyundai täze Tucson-y görkezdi: krossower öňküsinden ulalyp, salony täzelendi

Hyundai kompaniýasy Tucson krossoweriniň bäşinji nesliniň ilkinji suratlaryny çap etdi. Modeliň resmi tanyşdyrylyşynyň oktýabr aýynda bolmagyna garaşylýar.

Modeliň daş keşbi düýpgöter özgerdi, gabarasy hem ulaldy.

Indi modeliň uzunlygy 60 mm artyp, 4700 mm-e ýetdi, ini bolsa 40 mm artyp — 1905 mm boldy. Tigir bazasy 30...

Dowamy »

15 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago

Türkmenistan bilen Täjigistan geljek ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdi

20-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada Ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyl...

Dowamy »

13 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Myhman Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny ýetirip, Türkmeni...

Dowamy »

14 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago

NASA SWIFT teleskopyny halas etmekden ýüz öwürdi

NASA we Katalyst Space kompaniýasy beýikligini ýitirip barýan SWIFT orbital obserwatoriýasyny halas etmek baradaky meýilnamasyndan el çekmeli boldy. Sebäbi ony ýokary galdyrmak üçin iberilen LINK kömekçi hemrasynyň dolandyryş ulgamynda näsazlyklar ýüze çykdy.

NASA-nyň metbugat beýanatynda bu şowsuzlyga şeýle teswir berilýär:
<...

Dowamy »

21 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago

ABŞ-da oňurga şikesli adamlar üçin deňagramlyk saklaýan ekzoskelet makullandy

ABŞ-nyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik edýän müdiriýeti (FDA) Wandercraft kompaniýasynyň oýlap tapan Eve atly şahsy ekzoskeleti (daşky gaňyly) ulanmaga rugsatnama berdi. Bu enjam oňurga şikesinden ejir çekýän we maýyp arabasyna bagly bolan uly ýaşly adamlara niýetlenendir.

Täze enjam maýyplara gözegçilik...

Dowamy »

22 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago

Läle Şöhradowa çalt küşt boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Läle Şöhradowa 20 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda çalt küşt (rapid) boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy.

Çempionat 16–26-njy awgust aralygynda Mumbaýda (Hindistan) geçirilýär. Ýaryş Bütinhindi küşt federasiýasynyň (AICF), Aziýa küşt federasiýasynyň (ACF) we Halkara küşt federas...

Dowamy »

23 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 days ago

Harri Keýn «Altyn butsyny» aldy

«Bawariýanyň» we Angliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Harri Keýne 2025/26 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» gowşuryldy. Bu barada klubuň metbugat gullugy ýazýar.

Dabaraly çäre çarşenbe güni, 19-njy awgustda Mýunhen klubunyň muzeýinde geçirildi.

«Altyn butsy» her ýyl UEFA-a girýän ýurtlaryň milli çempionatl...

Dowamy »

22 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 days ago

«Ahalyň» AFK Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky bäsdeşleri kesgitlendi

Türkmenistanyň «Ahal» futbol klubunyň 2026/2027 möwsüminde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy. Klub Liwanyň «Al-Ansar», Siriýanyň «Al-Ittihad» we Butanyň «Paro» toparlary bilen oýnar.

Ýaryşyň bije çekilişigi Kuala-Lumpurdaky (Malaýziýa) Aziýa futbol konfederasiýasynyň öýünde geçirildi.
...

Dowamy »

22 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 days ago

Hindistanda 206 müňden gowrak adam şol bir wagtda kitap okap, täze rekord goýdy

Hindistanyň Tamilnad ştatynyň Erod etrabynda şol bir wagtda, deňine iň köp adamyň kitap okamagy boýunça resmi taýdan täze dünýä rekordy hasaba alyndy. Bu giň gerimli çärä 206 706 adam gatnaşdy diýip, ANI News neşiri habar berýär.

Çäre üçin 519 sany ýörite meýdança döredildi, arasynda mekdepler, uniwersitetler, kitaphanalar we adaty j...

Dowamy »

22 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago

«Monako» Pogba bilen şertnamany ýatyrdy – ol möwsümde 115 minut oýnady: transfer täzelikleri

Ýewropanyň we dünýäniň futbol klublary täze möwsümiň öňüsyrasynda oýunçylary satyn almagy we olar bilen hoşlaşmagy dowam etdirýär. Günüň iň esasy habarlarynyň biri Pol Pogbanyň «Monakodan» gitmegi boldy.

Fransuz kluby 33 ýaşly ýarymgoragçy bilen ikitaraplaýyn razylyk boýunça şertnamany möhletinden öň ýatyrdy. 2018-nji ýylyň dünýä çem...

Dowamy »

21 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 days ago

Adalat ministrliginde hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler

Hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň nobatdaky jemgyýetçilik kabul edişligi 5-nji sentýabrda geçiriler. Bu baradaky bildiriş «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

Kabul edişlik Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda...

Dowamy »

21 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago

«Arkadagyň» AFK-2 Çempionlar ligasyndaky duşuşyklarynyň tertibi yglan edildi

Aziýanyň futbol konfederasiýasy (AFK) 2026/27-nji ýylyň möwsüminde AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky duşuşyklaryň tertibini yglan etdi.

Öň habar berşimiz ýaly, bu ýaryşda Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempiony «Arkadag» bije çekilişiginiň netijesinde «B» toparçasyna düşdi. Toparçalaýyn tapgyrda onuň garşysyna «Al...

Dowamy »

19 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 days ago

ChatGPT-niň ýetginjeklere niýetlenen wersiýasy işe girizildi

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň 13-17 ýaş aralygyndaky ýetginjekler üçin ýörite wersiýasyny hödürledi.

Täze hyzmat ýaşlara «bilim almaga, tankydy pikirlenmäge, düşünjelerini çuňlaşdyrmaga hem-de EA-dan ynamly peýdalanmaga» ýardam etmeli.

Ulgam ulanyjynyň heniz kämillik ýaşyna ýetmändigini özbaşdak kesgitlemäge ukyply....

Dowamy »

16 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 days ago

APL emin çözgütleriniň seljermesini we kamerasyna alnan ýazgylary ile ýetirip başlar

Täze möwsümden başlap Angliýanyň Premýer-ligasy (APL) eminleriň jedelli çözgütlerini düşündirýän teswirleri we Esasy wakalar boýunça komissiýanyň (KMI) kararlaryny köpçülige elýeter eder. Bu barada BBC habar berýär.

Öňler bäş agzadan ybarat bolan we jedelli oýun epizodlaryna seredýän KMI-niň kararlary diňe klublara hem-de eminlere ug...

Dowamy »

18 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 days ago

Gazagystanda ynsanpisint robot öndürjek 200 mln dollarlyk zawod gurulýar

Astana şäherinde Gazagystanda ynsanpisint (gumanoid) robotlary öndürjek we emeli aň ulgamynda täze çözgütleri işläp düzjek ilkinji QAZBOT toplumynyň gurluşygyna başlandy. Dolanyşyga giriziljek taslamanyň birinji tapgyryna gönükdiriljek maýa goýumy, takmynan, 200 million dollara ýeter diýip, Atameken Business habar berýär.

Täze toplum...

Dowamy »

18 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 days ago

Eýranyň Mary şäherindäki täze Baş konsulyna ekzekwatura gowşuryldy

18-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherine täze bellenen Baş konsuly Seýed Mostafa Hosseýnipur bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda Baş konsul konsullyk patentini gowşurdy. Öz gezeginde, Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaş...

Dowamy »

18 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago

Aý ýüzünde täze ýara: SpaceX raketasynyň urgusyndan galan krateriň suraty peýda boldy

NASA Aýda dörän täze krateriň suratyny neşir etdi. Ol 5-nji awgustda Aýyň ýüzüne SpaceX raketasynyň tizleşdiriji blogy gaçandan soň emele gelipdi.

Agentligiň maglumatlaryna görä, raketanyň bölegi Ýeriň hemrasyna sagatda, takmynan, 8700 km tizlik bilen uruldy.

Çaknyşma bolan ýeri NASA-nyň Aýyň orbitasynda uçup ýören Lun...

Dowamy »

23 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Serdar Berdimuhamedow «Arçman» şypahanasynyň döwrebaplaşdyryş işleri bilen tanyşdy

19-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäginde Bäherden etrabynyň «Arçman» şypahanasyna bardy. Bu ýerde ol täze bejeriş toplumynyň gurluşygy we käbir binalaryny döwrebaplaşdyrmak işleriniň jemleýji tapgyry bilen tanyşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Dowamy »

24 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Hytaý gaýtadan ulanyp bolýan raketany uçuryp, ilkinji gezek gury ýere gondurdy

Hytaýyň hususy LandSpace kosmos kompaniýasy Zhuque-3 (ZQ-3) täjirçilik maksatly raketa göterijisini uçurdy.

Hytaýyň Merkezi telewideniýesiniň habaryna görä, bu ýurduň taryhynda uçuşdan soň gury ýere üstünlikli gonan ilkinji raketadyr.

ZQ-3 ýerli wagt bilen ir sagat 7:35-de (Aşgabat wagty bilen 4:35) Szýusýuan kosmodrom...

Dowamy »

20 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Innowasiýa, kosmos we küşt: «Kids Expo» halkara sergisinden gyzykly pursatlar

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Ol çagalar üçin harytlary we hyzmatlary hödürleýän öňdebaryjy kärhanalary bir ýere jemledi.

Giň gerimli çärä Russiýa, Türkiýe, Germaniýa, Ýaponiýa, Eýran, ABŞ ýaly dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan gelen ko...

Dowamy »

19 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago