Pelle (ylmy-fantastiki hekaýa)

Has TÜRKMEN    

P E L L E    

(hekaýa)    

Ir bilen turanda oýananda, bütinleý başga dünýäde - başga ahwalda oýanan adamyñ fantastiki başdan geçirmeleriniñ kyssasy...
Has takygy, hekaýanyñ gahrymany ir bilen örende, dünýäni ahyrky günlerinde - kyýamat sagatlarynyñ öñüsyrasynda görýär... Teleko...

Dowamy »

633 3
Edebiýat, 1 year ago


"Altynjan Hatyn" romany

Türkmen prozasynyñ röwşen ýyldyzy, täze türkmen edebiýatynyñ kerwenbaşysy Osman Ödäniñ "Altynjan Hatyn" taryhy romanynyñ üç kitaby hem www.direlisedebiyat.blogspot.ru edebi-çeper saýtynda internet okyjylaryna ilkinji gezek ýetirildi. Okamaga howlugyñ !

@ "Direliş Edebiýat"

Dowamy »

876 1
Edebiýat, 1 year ago


"Ölüp Direlen" romany

Ýazyjy Kakamyrat Ataýewiñ soñky döwrüñ türkmen edebiýatyna ýañ salan "Ölüp direlen" romany okyjylar köpçüliginiñ hem gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.

Romany okamak üçin www.direlisedebiyat.blogspot.ru edebi-çeper saýtyna okyjy bolmaga howlugyñ !

Dowamy »

705 0
Edebiýat, 1 year ago


BAKYLYK goşgular toplumy

Sylapberdi MUHAMOW

Sylapberdi Muhamow özboluşly döredijilik dünýäsi, öz owazy, sesi, galam ýörediş aýratynlyklary bilen şygyr muşdaklarynyň arasynda giňden tanalýar. Onuň goşgularynda beýan edilýän durmuş pelsepesi ata Watan, mähriban toprak, il-gün baradaky duýgy-düşünjeler bilen sazlaşykly şekilde birigip gidýär.
Türkmenis...

Dowamy »

769 0
Edebiýat, 1 year ago


Dek başym, dynç gulagym

DEK BAŞYM, DYNÇ GULAGYM

(ýumoristik hekaýa)

Başlygymyzy deñli-derejeli edip pensiýa ugratdylar-da, birdenem maña "Seni şonuñ ornuna goýjak" diýdiler. "Goly gandally gulam düýşunde beglik küýseýärmiş" diýseler, öñ ynanmazdym. "Eý, möhür-melamatly ýeri men oñarman" diýen bolsa mam keremli gürrüñiñ heseri kelläme urup, ýü...

Dowamy »

671 1
Edebiýat, 1 year ago


Maşyny şeýdip paýlamaly...

"MAŞYNY ŞEÝDIP PAÝLAMALY"


(ýumoristik hekaýa)

- Ýuwaş, ýoldaşlar, galmagal etmäñ! Gykylygyñyz maşyn nobaty elinden alnanyñky ýaly, ýaman batly çykýa-la? Peseldiñ sesiñizi, "tamda gulak bar" diýipdirler. Bular öz aralarynda paýlaşyp bilenoklar, onsoñ bizem tamakin it ýaly, şularyñ agzyna bakyp tamşanyp oturma...

Dowamy »

634 0
Edebiýat, 1 year ago


Köçe dramasy

KÖÇE DRAMASY

(ýumoristik hekaýa)


Halys lütüm çykdy. Gözleýän adresim edil asmana uçan ýalydy. Bir-birine degşip oturan ekiztaýy ýaly meñzeş jaýlar gözüme çöp atdy.
Teý bolmady. Ahyry özüm dek agtarýan ýerini tapmaýanlaryñ ulanýanja "usulyna" ýüz urdum.
Iki jaýyñ aralygynda çagasynyñ elinden tutup...

Dowamy »

630 0
Edebiýat, 1 year ago


Hezreti Isa bilen iki kişi (satiriki hekaýa)

"SAG ÝAÑAGYÑA URANA ÇEP ÝAÑAGÑAM ÖWÜRMEK" / HEZRETI ISA BILEN IKI KIŞI

Günlerde bir gün Hezreti Isa, plastiki hirurgiýanyñ operatory we awtomobil ussasy dagylar bilen bir kazinoda oturypdyrlar. Hezreti Isa olara dini öwüt-ündewleri edýärdi. Özara gürleşip durkalar awtomobil ussasy, Isa pygambere:
- Eý beýik mugallym! Adaml...

Dowamy »

804 3
Edebiýat, 1 year ago


Etmişe iteklemek (satiriki hekaýa)

"ELIÑIZI WYŽDANYÑYZA, ÖZÜÑIZI MENIÑ ÝERIME GOÝUŃ" / ETMIŞE ITEKLEMEK
(satiriki hekaýa)

Hormatly kazy jenaplary! Günäkärdigimi ýa-da däldigimi bilmegiñiz üçin wakany bolşy-bolşy ýaly dykgatyñyza ýetirmegim gerek. Men görgüli altmyş sekiz ýaşymda, çagaly-çugaly adam. Giýewlerim, gelinlerim, agtyklarym bar. Heý, bu ýaşdaky adam ý...

Dowamy »

678 0
Edebiýat, 1 year ago


Süpük (satiriki hekaýa)

AHLAKDAN, YNSAPDAN, WYŽDANDAN, ALLA GORKUSYNDAN NAM-NYŞAN GALMANDYR!

(satiriki hekaýa)


Indi has gowy düşünip galdym, Zübük* bir adamdan ybarat däl, biziñ hemmämiz ýeri gelende barypýatan zübük ekenik. Egee biziñ hemmämiz zübük bolmasadyk, aramyzdan munça zübükler çykmazdy. Her birimizde bolan az-owlak zübüklikl...

Dowamy »

695 2
Edebiýat, 1 year ago


Ýurtlaryñ birinde: MERHUMYÑ WESÝETI

ÝURTLARYÑ BIRINDE: MERHUMYÑ WESÝETI
(satiriki hekaýa)

Kasym ependiniñ birgeñsi ynançlary bardy. Hoşniýetli kalbynda haýwanlara bolan söýgüsine giñden orun beren Kasym ependiniñ öýünde süri-süri pişikdir, itler mekan tutupdy. Onuñ iñ halaýan zady kepderilere çörek owradyp bermekdi. Ömründe bir gezegem et iýmändi, howlusynda her...

Dowamy »

775 0
Edebiýat, 1 year ago


Seýit Nejepi

▶ SEÝIT NEJEPI
Güneşli diýarymyzyñ her künjegi geçmişde ýaşap geçen beýik şahsyýetleriñ kümmetlerinden doly. Beýik ussat Mehmet Akif Ersoýyñ:
"Basan ýerleriñi toprak diýip geçme, tana,
Pikir ber, astynda müñlerçe kepensiz ýatana!" ~ diýşi ýaly, Watanymyzyñ her garyş topragyna merdana ata-babalarymyzyñ gan-damary we ruhy siñendi...

Dowamy »

1370 0
Köneler, 1 year ago


Sensiz setirler...

✔ "Sensiz setirler..."

Ýene tenha gijeleñ tagamsyz çaýy bilen,
Tümlügiñ täk buýsanjy--ýaşmaksyz aýy bilen,
Wepadar ýalñyzlygyñ ylham serpaýy bilen,
Dümtünip keşde çekýän hakyda sapagyndan;
Ýene tenha gijeleñ tagamsyz çaýy bilen...

Göýä gapymy kakýa şemalyñ aýak sesi,
Ýa haýp tolgunýam...

Dowamy »

741 1
Köneler, 1 year ago


Wah, şu siñekler bolmadyk bolsa?!.

WAH, ŞU SIÑEKLER BOLMADYK BOLSA...(ýumoristik hekaýa)

Ol on ýaşyndaka şeýle diýdi:
- Wah, meniñem bir portfelim bolsady! Wah, meniñem bir beýleki çagalaryñky ýaly kitabym, oýunjagum bolsady! Ana şonda meniñ nähili okaýşymy görerdiñiz. Meniñ bolsa hiç zadymam ýok. Şu ýagdaýda nädip okaýyn-a men?.. 
◆ ◆ ◆
On üç ýaş...

Dowamy »

767 2
Edebiýat, 1 year ago


Stawropol we Astrahan türkmenleri

STAWROPOL TÜRKMENLERI
Olar Russiýanyñ Ýewropa bölegine 1653-nji ýylda Hywa hanlygyndan göçüp barypdyrlar. Mañgyşlagyñ, Astrahan sähralarynyñ üsti bilen Stawropol guberniýasynyñ demirgazygyna, Kum we Manyç derýalaryna baka geçip gidipdirler. 1653-nji ýylda Kawkaza 1665 öýli türkmen göçüpdir, 1790-njy ýylda bolsa ýene 64 öýlu türkmen we 80 öýl...

Dowamy »

765 0
Köneler, 1 year ago


Ýaş galamdaşyma!

♦ ÝAŞ GALAMDAŞYMA!
Ine, sen goşgy ýazýaň. Ýazan goşgyň onda-munda çap edilýär, internet arkaly köpçülige ýetirilýär. Şygyr muşdaklary olary okaýar. Halamadyk okyjy köplenç pikirini özünde saklaýar. Çünki, goşgynyň ýaramazdygyny awtora aýtmak bilen galapyn özüni ýigrendirýändigine onuň akly ýetip dur. Okyjylaryň içinde goşgyny okap, awtoryň g...

Dowamy »

571 2
Köneler, 1 year ago


Hakym bar ýaly...

HAKYM BAR ÝALY

"Men ýaraly gurt sen gurbanlyk guzy   "
Baryş Manço

Men ýaraly gurt - sen gurbanlyk jeren
Yşk bize gadagan bolsa-da i:rden;
Ikimiz şu sähraň bagryndan inen,
Ikimizem ganýas şol bir güzerden...

Bu hekaýa bize gadagan ýaly
Ýöne sähram sensiz bitagam ýaly......

Dowamy »

518 0
Köneler, 1 year ago


Asman bilen ýürekdeş...

ASMAN BILEN ÝÜREKDEŞ....

Asman aglaýar...
Sebäp näme, oña monjuk dökdüren....
Asman aglaýar,
Onuñ gözýaşlary ýere bat bilen urulýar...
Göz ýaşlar...
Olaryñ her dänesinde müñ owaz bardyr belki...
Belki olar bize bir zatlar duýdurmak isleýändir...
Ol gözýaşlar belki Asman Atanyñ Zemin en...

Dowamy »

606 4
Köneler, 1 year ago


Ýagyş

ÝAGYŞ
Ýagyş damja-damja dol ýüregime
Kükesin ruhumda uçmahyň ysy.
Ýag sen, zerre-zerre syl yüregimi,
Açylsyn gubarlan göwnümiň posy.

Asmandan reňk alan pikirlem, belki,
Seniň güwäligiň bilen aklanar...
Çyrmaşyklar basan tozanly ýollar
Her damjaňda kir-kimirden saplanar...

...

Dowamy »

584 2
Köneler, 1 year ago


Ejeme hat

EJEME HAT
Didäme siňdirip didäň nuruny,
"Sag aman bar" diýip salaňsoň ýola,
Ak pataňda ýitirmedim ugrumy,
Dilegleriň ýetirendir wysala.

Meň üçin tiz geçer talyp ýyllarym,
Bilýärin, seň üçin ömre barabar.
Diýersiň elmydam: "Neneň günleriň,
Ýat ýerlerde habardarrak bolawer".

Dowamy »

469 1
Köneler, 1 year ago


Amerikan imperializmi türkmen edebiýatynda

AMERIKAN IMPERIALIZMI TÜRKMEN
EDEBIÝATYNDA

Annaberdi Agabaýew

Prezident Reýgana açyk hat
(Ak tama gowuşmaly ak nama)

Ser!
Köp gürrüñ edýäñiz ýakyn-yrakda
Adamyñ hukugyn goramak hakda...
Meniñ hukugymy meniñ ilimde
Işde,
...

Dowamy »

521 0
Edebiýat, 1 year ago


Öter...

"ÖTER..."
Eý, dili-nadan, tekepbir bolma bul döwran öter!
Bakydyr ba:ry daragtyñ panydan bagban öter.

Gör, bu gün ebri-syýa elde şimşi:ri - desti-hat,
Erte mundan ak-gara her ne ebru-ba:ra:n öter.

Jem kylyp, mugtatlaryn diwan gurupdyr Şa-Senem,
Taýreder düýdi-hak Gökde, zeminden diwan öter.<...

Dowamy »

436 0
Köneler, 1 year ago


On üç

ON ÜÇ

Ýalançy sen - Azazylyñ ganjygy.
Görip sen - gäwüriñ haram doñuzy.
Gybatçy sen - jähennemiñ maýmyny.
Töhmetçi sen - Bafomediñ geçisi.
Ikiýüzli, arabozar eşek sen.
Ilki halymsyrap öten-geçene
Senuber ýalyny aldawa salyp
Arkasyna hopba bolandan soñra
Düşmän ýören mahluk rudap...

Dowamy »

564 4
Edebiýat, 1 year ago


Gazagystan türkmenleri

▶ GAZAGYSTAN TÜRKMENLERI

Gazagystanda ýaşaýan türkmenleriñ taryhy entek doly öwrenilenok. Biz Syrderýa ýakasyndaky raýonlaryñ türkmen halkynyñ ir döwürde ýaşan ýerleridiginden habarly. Şol ýerlerde Täze we Köne Guzystanyñ taryhy çeşmeleri, olatyñ paýtagty Ýañykent ýerleşipdir.
Oguzlaryñ döwletinde köp wagtlap salyrlar taýpasyn...

Dowamy »

734 1
Köneler, 1 year ago


Nury Halmämmedow: "-ÖZÜM HAKDA SAZYMDAN OŇAT AÝTJAK ÝOK" (hakyda)

Hormatly Prezidentimizin öz halkyna sowgat eden "Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy" atly kitabynda halkymyzyň dünýä halklaryna goýan belent sarpasynda milli aýdym-saz sungatymyzyň uly ähmiýetiniň bolandygyny beýan eden belli ýazyjymyz Nurmyrat Saryhanowyň "Şükür bagşy" atly powesti esasynda kinorežissýor Bulat Mansurowyň...

Dowamy »

533 0
Köneler, 1 year ago