Goşgy

Eliñden gidirip arzyly zadyñ,
Dünýäñ derdi bilen aglap gördüñmi ?
Gözden gam inende, soralsa halyñ,
"Aý gowy-la" diýip aldap gördüñmi ?

Gijelerne ýalñyz galyp gördüñmi,
Ýyldyzly köýnegin synlap asmanyñ ?
Gülkiñe gussañy garyp gördüñmi,
Bendi bolup em tapylmaz ahwala ?

Gördüñm...

Dowamy »

667 13
Edebiýat, 2 years ago


Asylly gyz

Nämä gerek seni öwmek?
Sen muňa düýpden mätäç däl.
Ýogsa, egniňde çit köýnek,
Başyňda tahýa. Tylla täç däl.

Iş edinmen işim taşlap,
Sen ne Gün, ne ýyldyz, ne Aý.
Ýönekeý adyňdan başlap,
Ah, ýöne durkuň göwnejaý!

Gaşlaň ýatladanok ýaýy,
Eginbaşyň däl şaý-sepli.
Ýön...

Dowamy »

1182 0
Edebiýat, 4 years ago


Ah, mеn dogry sözüm diýmеdim ýara!

Ýar diýdi: ”Durnalar ýurdun taşlaýar…”
Men diýdim: ”Watany bardyr başga-da.”

”Durmuşyň özeni – söýgi” diýende,
”Söýene durmuş ýok!” diýdim men gende.

Ýar diýdi: ”Meň göwnüm – arş içre gämi”.
Men diýdim: ”Arş – diňe Ýeriň dowamy!”

”Gar ýagýar, iň ak zat…” diýdi ol garap.
Ýadaw...

Dowamy »

1163 0
Edebiýat, 4 years ago


Dörtlemeler

Gel, ikimiz şert edeli, byradar –
Öz agzyň-a bir ýum, meňkä-de bakma:
Gel, men-ä döşüme urmaýyn hergiz,
Senem, gaýrat et-de, arkama kakma.

*
Şahyr bolsaň goşgujygňy ýazyber,
Derwüş bolsaň ýol soraman geziber.
Göreşmäge orta çykyp bilmeseň –
Biliňdäki guşajygňy çözüber.

...

Dowamy »

1404 0
Edebiýat, 5 years ago


Şwesiya

Agam yok garada yok
Ganam yok yarada yok
Bir tâsin ile düşdük
Begem yok törede yok

Haywan adam deninde
Adam huday deninde
Boynun sallap duran yok
Patyşanam önünde

Şagal şagal yerinde
Gurt yerinde gurt eken
Özünde doglan bolsan
Yaşalayjak yurt eken
<...

Dowamy »

1657 4
Edebiýat, 5 years ago


?

Rastdyr,beýik döwlet diýilse meger,
Kanunyň öňünde egilse eger.
Öz raýaty bilen kazylaşanda,
Dawa çözülende ýeňilse eger.
G.S

Dowamy »

1449 0
Edebiýat, 5 years ago


?

Ol kim idi halkdan arasy daşdyr
Halka içirdigi diňe gözýaşdyr
Nirede haram iş, ol diňe başdyr
Bilmediksiränler oňa syrdaşdyr

Halkyny agladyp şatlykda gezer
Ilini tozduryp,gozlerin süzer
Ýaşlykda ezilip,üýşüp.depilip
Bu gün erkeksiräp,eňegiň ezer

Dowamy »

1521 2
Edebiýat, 5 years ago


Student we geday

Ine, ýene ýöräp barýan köçeden
Howa-da şeýlebir, şeýlebir sergin.
Maltepäñ ýanyndan geçiberemde
Bir garryja mama uzatdy elin.

Eşiklerem gaty horaşajady
Mümkin, ýokdur onuñ hiçbir hossary.
Şol garypja mamañ ýowuz kysmaty
Oýandyrdy meniñ gaýgy-gussamy.

Undup men özümiñ studentli...

Dowamy »

1701 5
Edebiýat, 5 years ago


Nebis

Ten ýapmaga köýnek istär ýalaňaç,
Köýnekli diýr: «Wah, üstünden don bolsa!»
«Baş saglyk» diýp, Hakdan dilär garny aç,
Bäşin tapan arzuw eder – on bolsa.
Magtymguly


Adam diýgen garynja deý bor eken,
Şam-u-säher daşar eken içerik....

Dowamy »

1670 1
Edebiýat, 5 years ago


Mugallym

O döwürler mekdep ikinji öýdi,
Mugallym ikinji ene-atady.
Howlugsagam ir ertirki okuwa,
Säher daňy öz wagtynda atardy.

Mekdep sary toýa barýan mysaly,
Uçardyk ökjämiz degirmän ýere.
Uly arakesme gutaran wagty
Ýüwrüp yzymyza girerdik ýene.

Gep diňe bir ylym-bilimde däldi,

Dowamy »

1518 1
Edebiýat, 5 years ago