Biziň jemgyýetimizde bir ynanç bolsa:"Betnyşan gyza öýlenen oglan uly baýlyga we bagta eýe bolar"-diýseler,hemme oglanlar ur-tut betnyşan gyzlaryň gözlegine çykardy.Betnyşan gyzlar üçin,oglanlar biri-biri bilen pyçaklaşmaga-da taýýar bolardylar.Owadan gyzlara köçedäki itlerem seretmän goýardy.Betnyşan gyza öýlenen oglanlaryň 50-60%-i bagtsyz we pula mätäç bolsa-da,öz ynanjynyň körlügine akyl ýetirmezdi.Tersine:"Meniň öýlenen gyzym ýeterlik betnyşan däl eken,men mundanam betnyşanyna öýlenmeli"-diýerdi.
Toýa barsa oglanlar diňe betnyşan gyzy gözlärdi.Gyzlaram enaýy däl,olaram äre çykmaly.Şol sebäpli gyzlaram betnyşandan-betnyşan bolup köçede gezerdi.Saçyny özi geçi gyrkan ýaly gyrkyp betnyşan bolup görünjek bolardylar.Ýörüte gyzlary betnyşan edýän salonlaram açylardy.
Dost oglanlary köçeden has betnyşan gyz bilen tirkeşip barýanyny gören beýleki oglanlar görüplikden içleri ýanardy.Sebäbi,dost oglany özlerindenem beter baý we bagtly bolup gitmegi mümkün zatda.
Aý garaz dünýäde gaty köp gülküli kör ynançlar bar.Belki,biziňem bir däplerimizi gören adamlaryň gülküsini tutdurýandyr.Ýöne,biz gülmeris.Sebäbi,bizde däp ol.Şol däp bolmasa biz bagtsyz bolarys.Biziň ynanjymyz şol.
Toýda biz käsäni daşa urup döwýäris.Şonuň üçin biziň maşgalamyz berk.Samsyk amerikanlar şony bilenok.Şol sebäpden olarda aýrylyşýan köp.
Bizde toýa gelen myhmanlara ýakasy bar ýeňi ýok karopka köýnekleri paýlanylýar.Şonuň üçin maşgalamyz berk.Amerikanlar şony hem bilenok.
Biz täze çaga doguran gelni 40 çilede 40 gün öýden çykarman saklaýarys.40 gün içinde täze çaga öýdäkileriň bary bilen tanyşyp çykýar.Amerikanlarda ol ýok.Şol sebäpli olaryň çagalary öz hakyky ene-atasyny bilenok.
.......
-
Nätänyş adam
2 years ago
- Gowy bellap gecipsin.
Black Wolf 2 years ago- Dogry...