Men Hudaýa ynanýan:
Men togalak ýere ynanýan:
Sebäbi,çagalygymdan din,dowzah,jennet baradaky gürrüňlerden gulagym gowy gandy.
Sebäbi,çagalygymdan mugallymlar "ýer togalak" diýip gulagyma guýdular.Bütün dünýäde şeýle diýýär.
Eger-de,men Hytaýda butparazlaryň ýaşaýan jemgyýetinde dogulan bolanymda,şu wagt iki elimi gowşurup buda sežde edip oturan bolardym.
Eger-de,men Afrikada adamhor taýpalaryň ýaşaýan jemgyýetinde dogulan bolanymda,özüme duşman başga bir taýpa adamynyň oda bişen etini symyşlap oturan bolardym.
Eger-de,men Amerikada dogulan bolanymda gamburger bilen piwo içip,söýgülim bilen keýp çekip oturan bolardym.
Men bolsa türkmen jemgyýetinde doguldym we häzir şu mowzugy ýazyp otyryn.
Adamyň bir jemgyýetde dogulmagy onuň ýaşaýşyna-da gaty uly täsirini bildirýän eken.
Türkmen jemgyýetinde uzyn ýakaly köýnek geýýän gyz Amerikan jemgyýetinde dogulan bolanda keltejik köýnekler geýerdi.
Bu ýerde adam beden tarapyndan onçakly bir-birinden tapawudy ýok.Amerikan,hytaýly,türkmen...Boý-syrat tarapdan,güýç tarapdan hiç hili tapawudy ýok.Bary bir adam.Ýöne,bu ýerde jemgyýetçilik pikirlenşiniň arasynda dag bilen deňiz ýaly tapawut bar.
.......
-
Panturkist
2 years ago
- Öňde-de biri aýdypdyra "geografiýa maňlaýdyr" diýip :)
Bu mowzuga degişli şeýleräk soragam berýärler: "Eger-de sen türkmen däl-de Germaniýada bir nemes maşgalasynyň çagasy bolup dogulan bolsaň ýene-de musulman bolarmydyň?" diýip. Mowzukda-da aýdylşy ýaly dogulan ýeriň we içinde önüp ösen sosiýal jemgyýetiň seniň ykbalyňdyr.
DonMaxx 2 years ago- tema name hakda gidya ?