Salam, bir Gudratlar(Çudo, Miracle)barada ýazmakçy. Kän görensiňiz, Yslamda gudrat (Miracles in Islam) diýip ýazsaň Google'da, standard çykjak biriniň gulagy, egilip duran adama meňzeş agaç, pamidoryň ýarysy, we ş.m. zatlar çykar. Ýaşlykda hem, maňa berilen kitaplarda Amrstrong'yň aýda azan sesi eşidendigi, ýa-da (nedawno okandym) Mars'yň yza tarap towalanyp, Marsdaky günüň garşy tarapdan dogandygyny, we beýlelikde bizde hem güniň Günbatardan dogyp bilýäni barada ýazylandy... We şularyň hemmesi soňunda Yslama baglanylýar, we bu gudratlaryň hakyky men diýen gudratdygy we adamlaryň şonuň üçin Yslama taby bolmaklygyny islenilýär. Ýöne hakykat şul: beýle agaçlaryň namazdakä ýaly egilip durmagy ýaly şekiller başga dinlerde hem bar. Hrstiýanlarda naharlaryň ýüzünde görünen şekilleri, Hindularyň ganeş diýilen hudaýyna kartoşkanyň meňzeýänligi we ş.m. Ondan başga aýdaky azan sesi istoriýasynyň ýalňyş çykmagy, ya-da Mars'daky bolan zadyň aslynda illuziýa, we Retro Motion adly teoriýaga görä Ýer bilen Marsyň arasyndaky uzaklygyň we tizligiň tapawudyndan Marsyň "yza tarap ýöreýänligi" ... Kelläňizi agyrtmaýyn, mysal kändir. Bularyň bizin her gün ýaşap-alyşan "adaty" hadysala garşy çykany, we "adatdan daşary" bolany üçin birden Dini subut etmäge ulanylýar. Mençe gaty ýalňyş strategiýa, sebäbi bulara "gudrat" diýip Allanyň başga ýaradan bütin zatlaryndan ünsi çekmek nähili betgelişik işligi açyk.. Sebäbi bu dünýäde her bir mysaljagazyň özi "gudrat". Suwyň ýaradylyşyndaky owadanlyk, strukturasy, kompozitsiyasy, elementlary, baglary, formalary... ulanylyşy, akyjylygy, onsyz ýaşaýan jandaryň bolmaýyşy, we onuň bilen ölümiň gelişi... onuň atmosferada aýlanyp durmagy, täzelenmesi, kirlenmesi... onuň okeanlarda owadan owadan akyp durmagy... Mençe bular Ysa pyýgamberiň (as) suwuň üstünde ýöremeginden sanalmajak derejede üstün we haýran galdyryjy gudratdyr... Ýalňyş düşünmäň, pyýgamberleriň görkezen gudratlary hem gudrat, ýöne biziň ýaly akly, ylmy we terbiýesi bolan Muslumanlaryň beýle gudratyň kiçi formasyna takylmagymyz gowy bolmaz. Elhasyl, "tebigy" kanunlar diýip kak-budto öz-özüne bolaýmaly ýaly, Allanyň ne gözel Döredijiligine "tak i doljno byt" diýip seretmek, we kiçijik bir kanunyň üýtgäp orta çykan zada "Miracle!" diýmek hiç hem Muslumana gelişmeýär. Geliň oglanlar/gyzlar, bize berilen aklymyzy we huşymyzy doly potensiýalyna görä ulanaly, we geliň bu dünýämizde biziň üçin taýyn edilen soňy ýok syrlary birmebir, we bilelikde açalyň, hamd'y bolsa bütin Hamd'laryň Hakyky Eýesine ugradalyň!

Köneler, azizturkmen tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir