Essolawmaleýkim hormatly agzalar we gadyrdan myhmanlar! Biz dash töweregimizdäki adamlaryñ gizlin nämeler edýändiginden habarymyz ýok. Ol adamlaryñ näme bilen meshhullanýandygyny öz agzyndan eshtmeli bolýas ýa-da hereketlerini yzarlap, bilmeli bolýas. Shonuñ ýalyda ýakynlarymyz, dost-joralarymyz, tanyshlarymyzyñ neshe serishdesini çekýäninden ýa-da urdurýanyndan habarsyz, shübhe edýän ýagdaýlarymyz (eger shübhe edýän bolsañyz) bolsa, narkologiýa lukmanlarynyñ "neshekeshiñ, neshekeshdigini bilmek üçin 11 görnüshli hereketleri bilen añyp bolar" atly düshündürishini ashakda goýýan: 1. Bashda ol jemgyýetçiligiñ ýazgarýan ishine bash goshandygy üçin müýnürgeýär, özüni ýazykykly duýýar, çekinýär, mydama keýpsiz bolýar. Ol dymmagy çykarýar, hiç kim bilen gürleshmäge isleg bildirmeýär. 2. Neshe ulanyjy ilki hemme zada parhyz seredýär. Bir nokada garap, birnäçe sagatlap ýatmagy endige öwürýär. Käte kimdir birine päsgel berýändigine-de üns bermän, saz diñleýär. 3. Onuñ urushmagy, kimdir biriniñ üstüne topulmagy mümkin. Ol öz adyna aýdylýan tankydy bellikleri agyrlyk bilen kabul edýär. Özüniñ mamladygyny subut etmek üçin uzak wagtlap jedelleshýär. Hemmeleriñ özüne ýerliksiz igenýändiginden nalanýar. 4. Her gün öýden gidýär we giç dolanýar. Nirä we näme üçin gidýändigini hiç haçan aýtmaýar. 5. Häli-shindi pul soraýar. 6. Öýden pul we gymmat bahaly zatlar ýitip bashlaýar. Ýöne neshe ulanyjy etmishini hiç wagt boýun almaýar. Tersine, gahar-gazaba münüp, hüjüm edip bashlaýar. Günäni beýleki mashgala agzalarynyñ ýa-da tanyshlarynyñ üstüne atýar. 7. Neshe ulanýan adam agshamlaryna dyngysyz herektde bolýar. Dañ atmagyñ öñ ýanynda uka gidip, günorta çagy oýanýar. Wagtyñ geçmegi bilen ukusyzlyk ýüze çykýar. 8. Neshe ulanyjynyñ ishdäsi mydama açyk bolýar, ol aýratyn hem süýji tagamlary ishdämen iýýär. 9. Horlanma, meñziñ agramagy, deriniñ gurak ýa-da asha ýagly bolmagy - neshekeshlige mahsus alamatlar. Dish sary örtük bilen örtülýär, biraz çishen dilde çuñ jaýryklar emele gelýär. Göreç neshe ulanyjynyñ ýagdaýyna laýyklykda kä giñelýär (abstinensiýada - azarlamada), kä daralýar (intoksikasiýada - zäherlenmede). Gözler ýarym açyk - ýarym ýapyk halda. Neshe ulanýan adam gözlerini elek-çeçek edip, kä o, kä bu zada seredegen bolýar. 10. Neshe ulanyjynyñ elinde gök tegmiller - iññäniñ yzy görünýär. Ol shol tegmilleri görkezmejek bolup, hemishe uzyn ýeñli köýnekli gezýär. 11. Özüñizde shübhe döreden adamyñyzyñ ýatýan otagyny assyrynlyk bilen barlañ! Eger ol neshe serishdelerini ulanýan bolsa, onda munuñ subutnamasyny (garalanan hapa tabak ýa-da kürüshge, kijijik çaý çemçejikleri, turba shekilli düýrlenen kagyzlar, shübheli otlar, derman tabletkalary) taparsyñyz. p.s Neshe ulanýan adamyñ endikleri, gylyk-häsiýetleri ýokardaky 11 düshündirishindäkidenn çem tutup bilse bolýar.

Köneler, Rowshen-Jm tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir