Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Bu günki blogum "Söýgi" hakda däl :)), "Tehnologiýa"-nam ýatdan çykarmaýyn, tehnodanam habardar edeýin diýdim. Köpimiz Android ulanýandyrys ýa-da sho hakda eshdýändiris. Häzirki wagta dünýäde Android ulanýanlaryñ sany öñkä garañda has köpeldi. Android Apple-niñ iPhone-ny bilen güýçli bäsdesh. Özümä Nokia ulanýan, ýöne soñy bilen Android aljak nesip bolsa :-). Karoçe düýn internetden tehnologiýa hakda täzelikleri okap ýörkäm ashakdaky täzeligi okadym we siz bilen paýlashmagy özüme makul bildim :). Birnäçe ýyl mundan öñ Apple shereketi iPhone smartfonlaryny satuwa çykaryp, duýgur ekranlar eýýamyny açypdy. 2010-njy ýylyñ bashynda bolsa shereket 9,7 dýuým duýgur ekranly tablet kysymly iPad kompýuteri satyp bashlamak arkaly, netbuklaryñ ornuny eýelemegi bashardy. Elbetde, bashga shereketler hem kompýuterler bazarynyñ bu bölegini ýeke Apple shereketine galdyrarlykly däl. Ynha, sheýle shereketleriñ biri bolan ViewSonic özüniñ saýtynda täze tableti-ViewPad 7-ni öndürip bashlandygyny yglan etdi. ViewPad 7 tableti dashyndan seredäýmäge iPad-yñ kiçeldilen görnüshine meñzeýär. Onda Android 2.2 operasion ulgamy, 7 dýuýmlyk duýgur ekran (800 x 480 nokatly), 3G Internetinden peýdalanmak üçin SIM karta ýeri, Wi-Fi simsiz network tehnologiýasy, Bluetooth hem-de A-GPS bar. Üstesinede, hakyky 3G etmek maksady bilen öñünde we arkasynda ýerleshdirilen iki kamerasy bar. Öñündäki kamerasynyñ durulygy VGA bolsa, arkasyndaky kameranyñ durulygy 3 megapikseldir. Shereketiñ ýolbashçylarynyñ biri bolan Derek Raýt öz beýanatynda täze enjam barada sheýle diýdi: “Biz täze tabletimize buýsanýarys. Sebäbi, 3G tehnologiýasy bilen doly ishlemäge ukyply enjamymyz bäsdeshlerimiziñkiden has güýçlidigine ynanýarys.” Täze ViewPad 7 barada aýdyp boljak ýekeje oñaýsyz ýagdaý bolsa ondaky prosessoryň 1 Ghz däl-de bary-ýogy 600 Mhz bolmagydyr. p.s bloguñ adyny gyzykdyrmak üçin sheýle ýazandyryn :)) aslynda sheýleräk " Androidlaryñ mashgalasy köpelýär." bolmaly. Okanyñyz üçin sagja boluñ!. Pikirleriñizi soraglaryñyzy orta atyp bilersiñiz! Copyright © Rowshen-Jm 15.09.2010

Köneler, Rowshen-Jm tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir