Salam hormatly agzalar, hemem dashyndan jyklaýan myhmanlar! Meniñ indiki temam 3G hyzmaty barada: Häzirki wagtda dünýäde 3G hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sanynyň 1000000000-dan (bir milliarddan) geçendigi, bu görkezijiniň bolsa, el telefonyny ulanyjylaryň 21%-ine (göterimine) deñdigi mälim edildi. Hünärmenleriň aýtmaklaryna gö­rä, 2014-nji ýylda 3G hyzmatyn­dan peýdalanýanlaryň sanynyň 3000000000-dan (üç milliarddan) geçmegine garaşyl­ýar. Bu döwürde el telefonlaryň sanynyň has hem ýaýbaňlanjakdygy, 2012-nji ýylda "akylly telefonlaryň" ("smartfon") satuwynyň kompýuterlerden has köp satyl­jakdygy habar berilýär. Üstümiz­däki ýylda 350000000 (üç ýüz elli million) kompýuter, 250000000 (iki ýüz elli million) "akylly telefon" ("smartfon") satylar. Öňümizdäki ýylda bolsa 430000000 (dört ýuz otuz million) kompýuter, 490000000 (dört yuz togsan million) "akylly telefon" ("smartfon") müşderilere ýetiriler. Maglumatlar soňky wagtlarda “akylly telefonlaryň” ("smartfonlaryñ") satuwynyň barha artýan­dygyny görkezýär. Telefonlarda aragatnaşygyň hiliniň ýokarlan­magy bilen hemme ýerde wideo­ly gepleşigiň mümkin boljakdygy, internet hyzmatlaryndan has köp peýdalanyp boljakdygy ha­bar berilýär. Bu ýagdaý bolsa, hususy eýeçiligiň has hem ösmegine ge­tirer diýip bellenilýär. Türkmenistan döwletimizde hem soñky wagtlar 3G hyzmatyna hem-de "akylly telefonlara" ("smartfonlara") bolan isleg gün-günden artýar. Türkmenistanda-da aragatnashyk hyzmatlary mundanam has gowlanar diýip umyt edýärin! Okanyñyz ücin minnetdar!

Köneler, Goool tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir