Kö­ne bir gür­rü­ňe gö­rä, bir ge­zek ýa­rawsyz bi­ri­ni has­sa­ha­na­nyň ota­gy­na ti­gir­çek­li kro­wat­da ge­ti­rip­dir­ler, otag­da pen­ji­rä­niň öňün­de ýer­le­şen baş­ga-da bir has­sa bar eken. Olar dost­la­şyp­dyr­lar, pen­ji­rä go­laý
ýer­le­şen ki­şi da­şa­ryk se­re­dip, daş­ky dün­ýä­ni tä­sin su­rat­lan­dy­ryp, dü­şe­ge örk­le­nen ýol­da­şy­ny uzak wagt­lap güý­mär eken. Ol gar­şy­da­ky se­ýil­gäh­de bo­lan aja­ýyp da­ragtlar, ýap­rak­la­ryň şe­ma­la oý­na­ýyş­la­ry ba­rada gür­rüň be­rer eken, kä­te ge­çip gid­ýän öteg­çi­le­ri ýol­da­şy­na jik­me-jik su­rat­lan­dyryp be­rer eken. Ýö­ne wagt ge­çip dur, dü­şege örk­le­nen has­sa bu gud­rat­la­ryň ba­ry­ny öz göz­le­ri bi­len syn­lap bil­me­ýän­li­gi üçin,
gam­gyn bo­lup baş­lap­dyr. Ahy­ry ol dert­deş ýol­da­şy­ny ha­la­man ug­rap­dyr, soň­ra bol­sa ýigrenipdir hem. Bir gi­je pen­ji­rä­niň öňün­de ýa­tan has­sa yzy­ny üz­män, gök-da­lak bo­lup üs­gü­rip­dir, üs­gü­le­wi­gi­ne bog­lup­dyr-da, de­mi gel­mändir. Ikin­ji ki­şi hat­da luk­ma­ny hem ça­gyrjak bol­man­dyr. Ir­den aja­ýyp gör­nüş­le­ri su­rat­lan­dy­ryp, dos­tu­nyň göw­nü­ni gö­te­ren ol ki­şi­niň ýo­ga­lan­dy­gy­ny aý­dyp, onuň ýatan kro­wa­ty­ny hem otag­dan äki­dip­dir­ler. Ikin­ji şo­ba­da özü­ni pen­ji­rä­niň öňü­ne ge­
çir­mek­le­ri­ni ha­ýyş edip­dir, no­bat­çy şepa­gat uýa­sy onuň kro­wa­ty­ny pen­ji­rä­niň al­ky­my­na süý­şü­rip­dir. Em­ma ol da­şa­ryk se­re­den­de en­dam-ja­ny ele­nip gi­dip­dir: asyl pen­ji­re­den gö­rün­ýän ýe­ke-täk gör­nüş
tu­tuş­ly­gy­na ker­piç­den örü­len di­war eken. Tä­sin su­rat­lan­dyr­ma­la­ryň äh­li­si­ni onuň otag­da­şy oý­lap tap­ýar eken, se­bä­bi dos­tuna neb­si agy­ryp, onuň bu kyn pur­sa­dy­ny, sä­hel­çe-de bol­sa, ýe­ňil­leş­dir­mek is­le­ýär
eken. Ony beý­le et­mä­ge ite­ren ak­gö­wünliligi eken.

Edebiýat, Real.123. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir