Lezzetli, ezýetli, minnetli sensiñ

Gapýarsyñ gözlerden garagy sen pul

Kimseler ýa$abam bilmeýär sensiz

Arzuwy,umydy,ýüregi sen pul




Señ syryña dü$ünemok heniz men

Kimler üçin ýigrenji sen ejiz sen

Kimler üçin ýolda$yndan eziz sen

Baladan bar zatdan geregi sen pul




Kimseleriñ daýanjy sen diregi

Kimseleriñ namazdan soñ dilegi

Garyplara bermeseñde çöregi

Tapýarsyñ baýlara aragy sen pul




"Pul"diýip diñmeýär enäñ nalasy

"Pul " diýip gidýändir gyzlañ namysy

"Pul"diýip gyrylýar ynsan balasy

Aldyrýañ ellere ýaragy sen pul




Besdir mundan artyk ýazyp biljek däl

Mundan artyk kalbym ezip biljek däl

Sen barada ýazýan diñe Gerçek däl

Köpleriñ dessany dilegi sen pul




Gerçeknazar Amannazarow

Edebiýat, broken heart tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir