Kyýamatda perişdeler 
Arşyň ýanynda durarlar 
Ol syrat köprüsini 
Arşyň ýanynda gurarlar
Syrat köpri gyldan inçe 
Hem gylyçdan ýiti bolar 
Kapyrlar hem ýalançylar 
Dowzahyň üstüne geler
Ol dowzah örän garadyr 
We hemişe gaýnar durar 
Dowzahylaň tenleri aç 
Gözi aglamakda bolar
Hiç bir ynsan ol dowzahyň 
Başyny ahyryny bilmez 
Dodaklary gury bolar 
Onda rahatlyk bolmaz
Ýüzlerini aşak tutup 
Aş ýerne awy iýerler 
Kyýamatda dowzahylar 
Ah nebsim-nebsim diýerler
Haktagaladan özüne 
Dilär olar rahatlyk 
Zalymlara kyýamatda 
Ýokdur asla parahatlyk
Diýerler Eý bar Hudaýa 
Bizleri dowzah odundan 
We kösençlikden halas et 
Ol gün kapyrlaň dadyndan 
Ynsan çagasyn tanama 
Her kim öz özüňi söýer 
Şol wagtda Haktagala 
Hemmelere şeýle diýer 
Syrat köprüsine ýöräň
Ol syrat köprüsiniň 
Uzynlygy üç müň ýyldyr 
Müň ýyly münmek üçindir 
Müň ýyly hem aralykdyr 
Müň ýyly düşmek üçindir 
Ondan geçmek örän kyndyr
Bu wakada Haktagala 
Bizden para,peşgeş alyp 
Bilginiň hiç bir iş etmez 
Gezme ýalançyda gülüp
Ol gün her kim bu dünýäde 
Näme amal eden bolsa 
Şeýtanyň alyna uýup 
Ýalňyş ýoldan giden bolsa
Beýik we päk Taňry ony 
Her adamyň ýüzne basar 
Ol Kerimden gorkýan adam 
Hak sözüňe gulak asar
Eý adamlar ,musulmanlar  
Günä etmekden saklagyn 
Namaz okam-Gurhan okap 
Bikär ýatmakdan saklagyn
Hudaýtagala ynanyp 
Ybadata meşgul boluň 
Hut hazir hem pursat bardyr 
Geliň
Geliň 
Toba gelin