HASAP DEŇ TAMAMLANDY
(Hekaýa)
— Çaý-çöregiňem iýmän, daň bilen futbol görýäňmi? — diýip, telewizoryň sesine oýanan Ogulsenem daýza adamsyna igendi.
— Dünýä ýaryşy bu, keýwany. Göreniňe degýä. Dört ýyldan bir gezek geçirilýä. Bary-ýogy bir aýjygam dowam edýä — diýip, Çary aga telewizordan ünsüni sowman, futbola tomaşa edip oturyşyna aýalyna düşündirdi.
— Hany, bu düýn-öňňinlikde günortan, öýlän çaglary görýämikäň diýýädim-le... Ýa indi irdene geçirdilermi oýunlaň wagtyny?
— Oýnuň özi aslynda göni ýaýlymda giç agşam görkezilýä. Ýary gijeden hem soň. Ýöne men ertesi gün gaýtalap görkezilýänine tomaşa edýän. Düýnki bolan oýny günüň dowamynda üç-dört ýola gaýtalap görkezýäler. Islän wagtyň görübermeli.
— Günüň dowamynda şonça gezek dagy gaýtalap görkezýän bolsalar, säher ukyňdan galmak nämä gerek onda? Meňem, ine, ukym bozuldy.
— Wah, şu uluja agtygyň oýanmanka, görüp dynsam kem däl-dä... Ýogsa ol bezzat ýanyma gelip, oýnuň mazasyny gaçyrýa...
— Mazasy gaçar ýaly, her gahrymanyň sözünden çuň many çykýan pelsepewi kino däldir-ä görýän zadyň? Näme jogap bererlerkä diýip ünsüňi bölmän tomaşa edýän kim bilmeşek gepleşigiňem däl ol. Goh-galmagalyň içinde göreňde-de, gyzygy gaçar ýaly zat däl-le...
Çary aga aýalynyň bu sözlerine jogap berip ýetişmänkä, pişik basyşyny edip, otaga Adyl girdi.
— Näme, oglum, senem telewizoryň sesine oýandyňmy? — diýip, Ogulsenem daýza agtygyna gözi düşenden ondan sorady.
— Ýok-laý, men häli turdum-a, ene — diýip, Adyl enesiniň ýanyna gelip oturdy. Soňam atasyna bakyp, ýyrş-ýyrş etdi. — Müsür bilen Belgiýanyň oýnuny görýäň gerek, ata?
— Tur, çyk şu taýdan — diýip, Çary aga dergazap bolup agtygyna käýedi. — Eger, ýene jyňkyňy çykaraýsaň, gulagyňy towlaryn, bezzat...
— Toba, toba, gyýw, bolşuň nähili? — diýip, Ogulsenem daýza adamsynyň al-petinden aldy. — Akylyň bir ýerindemi seň?! Nä döw çaldy saňa? Çagaň ýüregini ýardyň-a.
— Bu garagol meň görüp oturan futbolymy bulamaga geldi ýene.
— Oglanjykdyr-da... Atasy bilen futbol göresi gelýändir-dä onuň. Şeýle dälmi, köşegim?! — Şeý diýip, Ogulsenem daýza agtygynyň başyny sypady.
Adyl enesini makullap, başyny atdy.
— Görýäňmi, seň bilen futbol görmäge gelipdir. Guwan-da gaýta agtygyňa.
— Wah, bu meň bile futbol görüp, hezil beresi ýok-la — diýip, Çary aga hüňürdäp, telewizoryň sesini gataltdy. Soňam agtygyna barmagyny çommaldyp, haýbat atdy. — Gürlemän oturgyn, eger ýakymsyzlyk etseň, eýiňi ýetirin... Düşündiňmi?
Adyl sesini çykarman, başyny atdy.
— Näme, oglum, sorag köküni berip, ataňy bimaza edýäňmi sen? — diýip, Ogulsenem daýza Adyldan sorady.
Adyl gürlemän, diňe başyny ýaýkady. Soňam ýuwaşlyk bilen atasynyň ýanyna süýşüp bardy.
— Aňyrrakda otur, Adyl, gelme golaýyma — diýip, Çary aga alkymyna dykylyp gelen agtygyndan gaçyp, birneme gyra çekildi.
— Seret, ata, ýene bäş, dört, üç... sekuntdan Belgiýaň oýunçylary gol geçirýä... Ana!.. Aýtdym-a...
— Öwf... — diýip, Çary aga gahardan ýaňa tas ýarylara gelipdi.
— Indi tä oýnuň ahyrky minutyna çenli gol geçenok. Diňe togsanynjy minutda Eden Azar kellesi bilen süsüp, derwezeden gol geçirip, hasaby üçe ýetirýä. — Şeý diýip Adyl otagdan gaçyp gitdi.
Çary aga dergazap bolup ýerinden turdy-da, sandyraklap telewizory öçürip goýberdi.
— Şu dünýä çempionatyny pensiýa çykamda beri ine-gana görerin diýip iki ýyl mundan öň garaşyp ýördüm. Ine, gör-dä, indi görýän bolsaň... Bir bezzat gelip, her günki oýny burnumdan getirýä.
— Wiý, kakasy, näme boldy? O telewizory nämä öçürdiň?! Gaýa-gopuz ýok ýerden bolmajyňy bolduň sen-ä.
— Agtygyň kümsükläp, şu wagt näme goparyp gidenine düşünmediňmi sen?
— Ýok, düşünmedim.
— Görüp oturan oýnumyň hasabyny aýdyp gitd-ä ol. Hasaby öňünden bileňsoň, tomaşaň gyzygy gutarýa!
— O nädip hasaby saňa aýdyp bilýä ol?
— Internetden görýä, soňam gelip, hasaby aýdýa. Bir hepde bäri idili futbol görüp bilemog-a bu gepe düşmezden ýaňa.
— Internetde heniz oýnalmadyk ýaryşyň hasaby aýdylýamy? — diýip, Ogulsenem daýza Çary aganyň sözlerine haýran galdy.
— Wah, sen futbola düşüneňok-da — diýip, Çary aga janykdy. — Ýaňam aýtdym-a saňa. Oýunlar gijäň ýaryndan soň görkezilýä. Eger ukyňa döz gelseň, göni ýaýlymda-da görüp bolýa ol oýny. Ýöne men ukymy kemmän, oýny ertesi güni arkaýynçylykda görýän. Agtygyň bolsa, internetden düýnki oýnuň hasabyny bilip, maňa «buşlaýa». Hasaby bileňsoň, oýny göresiň gelýämi näme? Indi düşündiňmi?
— Hiý-wiý, görsene bujagazyň tapyp ýören zadyny...
— Düýnki futbol sport teleýaýlymynda ertesi gün üç-dört ýola gaýtalanyp görkezilýä. Oýun görmän otursam, bu köpbülmişiň jyňkam çykanok. Düýn iň soňky gijeki gaýtalanyşa çenli telewizory ýörite açman oňdum. Olam şoňa garaşýan ýaly parahat gezip ýörendir. Nädersiň, oýna tomaşa etmäge başlandyrynam welin, on minut geçip-geçmänkä ýanyma gelip, hasaby aýdyp, baryny bulap gaçyp gitdi-dä. Ynha, bu gün säher bilen turubam tomaşa edip gördüm. Şonda-da keýpime sogan dograp gitdi.
— Kakasyna aýdyp, gowy käýedäýeris bolmasa — diýip, Ogulsenem daýza adamsyna göwünlik berdi.
— Wah, kakasyna-da aýdyp çykdym-la. Olam içiňi ýakaýyn diýen ýaly, gaýtam hezil edip gülýä «Aý, kaka, agtygyň bilen özüň oňuşsana-how» diýip.
— Oýunlar näme üçin beýle giç oýnalýaka? Hemmeleriň göräýjek wagtyna sazlap bolmaýamyka?
— Ýer togalagynyň ähli ýerinde sagadyň wagty deň däl-dä. Edil şu wagt bizde gündiz bolsa, Amerika yklymynda gije. Häzirki futbol ýaryşynyň geçirilýän ýurdy bilen biziň ýurdumyzyň arasyndaky wagt tapawudy bolsa bäş sagat. Ol ýeriniň ýaşaýjylary üçin oýnuň geçirilýän wagty asla giç däl, emma bizde ýarygijedenem ötüberýä.
Ogulsenem daýzanyň ýanýoldaşyna çyny bilen ýüregi awady.
— Gel, onda bir iş edeli, men ertir bu tilkijigi sen tä futboly görüp gutarýançaň, otaga salmaýyn.
— Şeýtsene, keýwany — diýip, Çary aga aýalynyň tapan çykalgasyna monça boldy.
Keýwanysyndan goldaw tapan Çary aganyň bu gün göwni hoşdy. Indi ol mekirje agtygynyň ýanyna gelip keýpini bozaryndan çekinenokdy. Şonuň üçinem bu gün telewizoryny gaty arkaýyn açdy.
Atasynyň futbol görüp başlanyny aňan Adyl öňki endigine eýerip, assa-assa basyp, otaga girdi.
— Hany, hany, çyk öýden — diýip, Ogulsenem daýza agtygyna azmly ýüzlendi. — Ýene iki sagatdan gelersiň. Tä ataň futbolyny görüp gutarýança, bärde görnäýmegin.
Adyl sesini çykarman, otagdan çykyp gitdi.
— Berekella, keýwany! Oňaraýdyň şuny! — diýip, futboldan ünsüni sowman oturan Çary aga aýalyndan arka tapynyp, neresse çagajyk ýaly begendi. — Bolsa-da eminden geldiň.
— Wah, oň ýaly meseläň bar bolanlygynda owal duýdurmaly ekeniň-dä maňa — diýip, Ogulsenem daýza-da ýanýoldaşynyň göwnünden turanyna monça boldy.
— Ýene iki hepdeden gowrak wagt galdy şu futbol ýaryşynyň tamamlanmagyna. Şoňa çenli, gaýrat et-de, şu bezzatdan meni gora...
— Gürrüňi bolmaz, kakasy — diýip, Ogulsenem daýza pert-pert gürledi.
Şol wagt otaga Aýperi girdi.
— Hawa, gyzym, ataň bilen futbol görmäge geldiňmi? — diýip, Çary aga gyz agtyjagyna gözi düşenden oňa gep goşdy.
— Sen bilýäň-ä, ata, men futbol görmäni halamog-a — diýip, Aýperi atasynyň ýanyna baryp oturdy.
— Häzir oýun gutaransoň, saňa multfilm açyp beräýerin, bolýamy?! — diýip, Çary aga agtygynyň başyny sypady.
— Multfilmi öz otagymyzdaky telewizorda-da görüp bilýän-laý — diýip, Aýperi elini silkip goýberdi. — Ýöne ýaňy Adyl maňa «Atama aýt, futboly görüp, biderek kösenip oturmasyn, iki tarapam bu gün gol geçirenok. Hasap nol-nol bolup gutarýa, şony aýdyp ber» diýensoň geläýdim seň ýanyňa, ata.
— Wah, içine jöwen düşmüş!.. — diýip, Çary aga ganyny gyzdyryp, ýerinden turdy-da, telewizory öçürip goýberdi. — Bu günem futbolym püçege çykdy.
Mekirje agtygynyň ugurtapyjylygyna Ogulsenem daýza elini çarpyp, hezil edip güldi. Gülmekden ýaňa hatda gözi ýaşaryp gitdi:
— Aý, gaýrat et-de, çyda, kakasy, ertir gyz agtygyňam öýe gelmez ýaly edäýerin...
Ýanýoldaşynyň futbol tomaşasyny püçege çykartmazlyk üçin Ogulsenem daýza ertesi güni gapynyň goragyna çykdy. «Atam barmy?» diýip kümsükläp girjek bolan Adyl-a ol şol bada otagdan çykaryp, yzyna dolady. Birneme soňrak gelen gyz agtyjagy Aýperinem hoşamaýlyk bilen ugratdy.
— Futbolyňy arkaýyn görübergin, kakasy. Bu gün agtygyň hokgasy ýol almaz.
— Hawa, ind-ä arkaýyn görsem gerek — diýip, Çary aga käsesine çaý guýnup, bar ünsüni futbola gönükdirdi.
Oýun gyzyşýardy. Ogulsenem daýza futbola düşünmese-de, ýanýoldaşynyň ýanynda oturyp, telewizora seredýärdi. Zol-zol hem gapyny garalaýardy.
Edil şol wagt kimdir biri penjiräni kakýan ýaly boldy. Çary aga telewizordan ünsüni sowup, penjirä gözüni aýlady. Aňyrdan Adylyň kellesi çalaja göründi. «Hä, saman astyndan suw goýberen, öýe giresiň gelýändir seň» diýip, Çary aga agtygyna öz ýanyndan gep goşdy. «Futbol gutarýança, otaga aýagyňam sekmeseň gerek».
Penjire ýene kakyldy. Çary aga bu gezek penjirä has dikanlap seretdi. Seredenine-de puşman etdi. Agtygynyň penjirä doly boýy ýetmese-de, ol iki elini ýokary galdyryp, her elinde-de iki barmagyny görkezýärdi. Bu onuň «Hasap iki-iki» diýdigidi.
— Wah, diýmäýin diýsem, ýene göze çöp atdy-da bü! — diýip, halys jykyrjygy tutan Çary aga ýerinden turdy-da, telewizory öçürip goýberdi.
— Gyýw, indi näme boldy? — diýip, hiç zada düşünmän, alasarmyk ýagdaýda galan Ogulsenem daýza Çary agadan sorady.
— Hana, ýap-ýaňy agtygyň, penjireden görüp oturan oýnumyň iki-iki hasapda deň tamamlanýandygyny aýdyp goýberd-ä. Indi men bu oýnuň nämesini göreýin?
— Baý, bu oglanjygyň ýeserjedigini — diýip, Ogulsenem daýza agtygynyň bolşuna neden pyňkyrypdy, emma adamsy göwnüne getiräýmesin diýip zordan özüne basalyk boldy. — Bu gün ökde çyksa çykandyr, ýöne, ynha, ertir tutyny ýapyp oturarys welin, şonda näderkä?
Futbol boýunça geçirilýän dünýä ýaryşynyň toparlaýyn oýunlary tamamlanypdy. Bu gün sekizden bir final oýny başlaýardy. Bezzat agtygynyň garşysyna ýanýoldaşy bilen berk çykan Çary aga telewizoryň başyna geçdi. Oýnuň başlanyna on minut geçip-geçmänkä, penjire kakyldy. Agtygynyň bu pirimine Çary aga indi aldanjak däldi. Ol hatda penjirä bakan başyny hem öwürmedi.
— Men häzir şu garagoly penjiräni kakmaz ýaly edeýin-le — diýip, Ogulsenem daýza agtygynyň bolşuna jany ýanyp, ýerinden galdy.
— Dur, gitme. Goý, kaksyn. Üns berdigiňsaýy, beter kejeşýär-ä ol. Bäş-on minut kakar, onsoň özi ýadap gider — diýip, Çary aga aýalyny sägindirdi.
Çary aganyň aýdyşy ýaly hem boldy. Bäş minut geçip-geçmänkä, penjiräniň kakylmasy galdy.
— Aýtmadymmy näme? — diýip, Çary aga futboldan nazaryny sowman oturyşyna aýalyna ýüzlendi. — Pişigiň ýyndamlygy samanhana çenlidir.
— Hany dur, telefonyňdan ses çykan ýaly boldumy ýa gulagyma eşidildimi?— diýip, Ogulsenem daýza üşerildi.
— El telefonym tekjäň içindedir. Göräý. Meňem gulagyma geldi bir ses — diýip, Çary aga oýnuň hezilini görüp oturyşyna dillendi.
Ogulsenem daýza tekjäniň içinden, el telefonyny alyp, oňa seretdi.
— Bärde saňa kimdir biri SMS ýazypdyr ýaly-la?..
— Aç-da, okap goýber. Men äýneksiz göremok.
— «Portugaliýa Meksikany dört üç hasabynda ýeňýär».
— Päheý-de weli, içiňden okasaň bolmadymy? Beýle dabaralandyryp okamak nämä gerek boldy?! — diýip, Çary aga saňňyldap, ýerinden galdy-da, telewizory öçürip goýberdi. — Ýene harama çykd-a bu futbol.
— Wiý, men-ä oka diýeňsoň, okaýdym. SMS-i Adylyň ýazanyny gümanam etmändirin-dä. Ejesiniň el telefonyndan iberen bolmaly ol.
— Her zat etseňem yş tapýa bü — diýip, Çary aga pirimiň garşysyna pirim tapmaga ökde agtygyna bir tarapdan gahary gelse-de, oňa öz ýanyndan guwanmanam durup bilmedi. — Men özümi futbol boýunça dünýä çempiony Braziliýaň garşysyna göreşýän gowşajyk futbol topary hasaplaýan şu wagt. Meýdançada her näçe jan etse-de, öňi-soňy ýeňilýän gowşajyk topar bolar-a. Ana, men şol. Adyl ýöne ýeňip otyr meni. Hiç mundan nädip üstün çykjagymy bilemok-da...
— Ertir onda futbol görýän çagyň SMS-i kim iberse-de, okamajak bolmaly.
— Wah, özüň näçe okasyň gelse, okaber, ýöne daşyňdan däl, içiňden oka. Maňa aýtma — diýip, Çary aga aýalyna sargamak sargady.
— Meňem okasym gelip duranok. Hany, göreli, bakaly, indi näme hokga taparka?
Ertesi gün hem gelip ýetdi. Hokgabaz agtygynyň pirimlerine belet bolan garrylar bu güne gaty ykjam taýynlandylar. Agtyklary otaga aýaklarynam ätmezler ýaly gapyny gurdular. Penjiräniň tutusyny goýberdiler. Çary aganyň el telefonyna iki ýola SMS gelse-de, oňa perem bermediler.
Ýene penjire kakyldy. Penjiräniň tutusy tutulan hem bolsa, Çary aga o tarapa bakaýynam diýmedi. Emma Adylyň ýeserligi aňyrdandy. Ol daşardan penjiräniň bir tarapyny açdy-da, zowladyp gygyryp goýberdi:
— Braziliýa Daniýany dört bir utdy, ata-a!!!
Çary aga ýerinden galdy-da, sesini çykarman, telewizory öçürdi. Ýaşulynyň ýüzüne misli bulut çöken ýalydy.
— Gaçdygyňça beter kowalaýar-aý...
Adamsynyň oýunçy agtygyndan juda öýkeleýänine Ogulsenem daýza düşünýärdi.
— Wah, heniz onam ýaşamadyk çaga-da... Atasyny gižželeýänine göhi gelýä oň — diýip, ol agtygynyň hereketlerini ýuwmarlajak boldy. — Seň bilen degşen boldugy-da...
— Oýunçy utulanyny bilse ýagşy — diýip, Çary aga uludan dem aldy. — Futboly göni ýaýlymda göräýmesem, bu bezzatdan tä ýaryş tamamlanýança gutulma ýokdur maňa. Öňi-soňy, kowalaşdym oýnaýan ýaly bolup, bukdaklap-gaçyp oýna tomaşa etmegiňem mazasy ýok.
— Şeýdäýsene, kakasy. Gijem bolsa, göni ýaýlymda görübersene. Onsoňam, pensiýada ahyry sen. Irden turup, işe howlukma aladaň ýok. Ýaryş gutarýança gün tertibiňi üýtgedäýsene.
Agtygynyň garagollygyndan halys basylan Çary aga agşam özüne kofe taýynlanyp, ajyja gök çaý içip, ukusyna döz gelip, göni ýaýlymda futbol gördi.
«Şu gün-ä emiňden gelendirin görseň» diýip, Çary aga hamala gala alan ýaly bolup, öz ýanyndan gürledi-de, soňam ýerine geçip ýatdy.
Giç ýatan hem bolsa, Çary aga öňki endigine görä, säher bilen turdy.
— Agşam futbol görenimi Adylyň ýanynda agzaýmagyn — diýip, ol aýalyna berk tabşyrdy-da, daşary çykyp, sekiniň üstünde çökdi. Oňa çenli Ogulsenem daýza orta saçak ýazyp, çaý goýdy.
Atasynyň öýden çykanyny gören Adyl onuň ýanyna atylyp geldi.
— Ata, edil şu wagt futbolyň başlady, göreňokmy?
— Ýok. Görjek däl — diýip, Çary aga hamala agtygyndan öýkeli ýaly bolup gürledi. Oňa oýny göni ýaýlymda görenini aýtmady.
— Näme üçin görjek däl? Bu günki oýun gaty gyzykly bolýar ahyry.
— Gyzykly bolanda näme, öňi-soňy sen häzir maňa hasaby aýdarsyň-a. Şoň üçin oýny görjegem däl.
— Bolýa-how, ata. Birinji ýarymyny arkaýyn göräý. Şoňa çenli aýtmaýyn hasaby.
— Birinji ýarymynam görjek däl, ikinji ýarymynam. Ertirem görjek däl, birigünem. Sen bir hezil et, Adyl jan. Iki hepdä golaý garry ataňy kösäbildiň. Tä dünýä ýaryşy tamamlanýança, futbol üçin telewizoryň ýanyna-da barjak däl.
Atasynyň sözlerine Adyl gözlerini tegeledi. Ol birsellem sesini çykarman durdy-da, soňam öýe girip gitdi.
Çaýyny içip bolansoň, Çary aga eline gaýçy alyp, tutlaryň artyk ösen şahalaryny kesişdirdi, howlynyň ownuk-uşak işlerine gydyrdandy. Adyl bolsa her daýym-her daýym gapydan kellesini çykaryp, atasynyň öýe girerine garaşýardy. Çary aga agtygynyň bu hereketlerini gabak astyndan synlasa-da, ony görmediksirän bolýardy.
Günorta çagy Adyl ýene atasynyň ýanyna geldi.
— Ata, düýnki futboly häzir ýene gaýtalap görkezýäler. Bäş minutdan başlaýa, görjek dälmi?
— Men saňa edil ýaňyja aýtmadymmy... Tä şu ýaryş tamamlanýança futbola tomaşa etjek däl.
— Hmm... — edip, Adyl birsellem oýurgandy. — Bolýa-how, ata. Şu gün oýnuň hasabyny aýtmaýyn. Arkaýyn görüber.
Agtygynyň bolşuna Çary aganyň içi güldi. Ýöne şonda-da syr bermedi. Öýkelän kişi bolup, sekä geçip, sesini çykarman oturdy. Adyl atasyny ümsüm synlap, az-owlak durdy. Soňam öýe girip gitdi.
Agşam giç ýatansoň, Çary aganyň gözi süzülip barýardy. Giçlik ýene futbol görmegi ýüregine düwensoň, ýaşuly otagyna girdi-de, gözüniň awusyny almak üçin, kellesini ýassyga goýdy.
Öýleden soň oýanyp, daşary çykanda Adyl ýene onuň ýanyna ylgap geldi.
— Ata, ata, bäş minutdan ýene gaýtalap görkezýäler. Düýnki oýny iň soňky gezek gaýtalap görkezýäler...
— Görjek däl, Adyl, görjek däl — diýip, Çary aga sekä geçip oturdy. — Sen gowusy, maňa hasaby aýdyp goýberäýsene öňki edişiň ýaly.
— Ýok-laý, hasab-a aýtjak däl.
— Saňa-da düşer ýaly däl, «aýtma» diýsem-ä, aýdýaň, «aýt» diýsemem, aýdaňok.
— Bolýa, eger şu gün hasaby aýtsam, onda ertirden başlap, ýene futbol görüp başlajakmy?
— Eger maňa oýnuň hasabyny öňünden aýtmasaň, onda ertirden başlap ýene futbol görsem, göräýerin.
— Angliýa Ekwadory üç bir utýa. Indi ertirden başlap görjek gerek?
— Eger sözüňde dursaň...
— Sözümde duraryn...
Öýlänara gözüniň awusyny alansoň, o diýen ukusy tutmasa-da, Çary aga bu gije göni ýaýlymda futbol görmegini goýbolsun etdi. Ol agtygynyň beren wadasyna ynandy. Oýna ertesi gün arkaýynçylykda seretmegi makul gördi.
Adyl sözünde durdy. Ertesi gün atasynyň ýanynda sesini çykarman, özi hem futbola tomaşa etdi.
— Bu gün näme, ataňa hasaby aýtman oňaýdyň? — diýip, Ogulsenem daýza oýun tamamlanandan soň, ýerinden turup, otagdan çykyp barýan agtygyna gep goşdy.
— Aý, atam öýkelese, ýürekgysgynç bolýan eken-laý... Indi hijem atama futbolyň hasabyny öňünden aýtjak däl-ä...
— Bä, kakasy diýýän-ä, bir günki ukyňy bozup, ahyr agtygyňdan üstün çykypsyň-da — diýip, Ogulsenem daýza Adyl otagdan çykyp gidensoň heşelle kakdy. — Bir nol seň hasabyňa-da?
— Ýok. Bu gezekki oýnumyzyň hasaby deň tamamlandy — diýip, Çary aga agtygy bilen ylalaşyga gelip bilenine monça bolup, ýylgyryp jogap berdi.
Eziz GELDIMYRADOW.

Edebiýat, myspaser tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir