Gorkana goşanyň goşasy görüner. 2-nji bölüm.


...Bäşim aga Läle gelnine "Keýwany, bugün gaty ukada gitme. Ol goýun oglumyzyň düýşüne girer, berk bol" diýip tabşyrdy agşam neneň geçerkä!? Agşam gatlyşyp, obada ähli janly-jemende uka giden mahaly garaňky gije, oba jaýlaryna öz ýorganyny ýapanyndan soňra süýji ukuda ýatan Çaryjyk çalak-çulak hereketlenmägr başlady. Çaga käte elini, kä ýarym bolsa aýagyny silkýär. Megerem şol halallanan goýun çaganyň aňyna düýpli ornaşandyr. Çaryjygyň beýle hereketlerine garaşyp ýatan Bäşim aga gözlerini lampa açyp oglyny synlap ýatyberdi. Çaga bolsa wagt gitdigiçe hereketlerini güýçlendirip, çaltlaşdyrýar. Bäşim aga "Köşeşerle" diýen umyt bilen ukudaky oglyny sypalap, el-aýagyny owkalady. Çaga köşeşenýaly hem etdi emma... Biraz salymdan ýene şol ýaňky ýagdaýy. Bäşim aga çagany oýaryp "Ýör oglum, buşugup gel" diýip agşam ýany bilen daşaryk aýlap geldi. Ýyljak we ýumşak ýerine geçen çaga ýene pişikýaljak meýmiräp uka gitdi. Sagat agşam 3 töweregi, Bäşim aga birem gözlerini ýummady. Hemmezat ümsümlik. Birdenem çalasynlyk bilen Çaryjyk ýatan ýerinden ylgap "Aýryl, aýryl seň kelläň ýok. Aýryyyyyyyyyyl " diýip gygyrmaga başlady. Bäşim aga çaltlyk bilen ýerinden turup çyrany ýakyp çagany oýardy. Läle gelnejäniň hem zähresi ýarylyp atylyp suw getirdi. Çaga kakasynyň elinde oýanyp bilmän "Aýryl" diýip gygyryp gaýtalap depirjeklenýär. Bäşim aga "Çary, çaryjan oýan oglum düýş görýäň, hany oýan oýan" diýip ýalbarýar. Läle gelneje çagaň ýüzüne çala suw sepýär. Çaryjyk ýarym ýaş bolup, demi-demine ýetmän bar sesine möňňürüp aglap zordan oýandy. Oýanybam:
- Kaka oň kellesi ýok, ýok oň kellesi kaka, kowalady, üsdüme bökdi ol goýun kaka, kellesi ýok kaka ganly eken ol, gorkdum kaka. - diýip bar sesine bat berýärdi. Bäşim aga ogluny gujaklap otyrşyna "Düýş ol, düýş. Gorkma. Ine men seň ýanyňda men ýanyňda. Goýhany goý aglama. Köşeş oglum. Ýok ol ýok" diýip pyşyrdaýar. Läle gelnejede nämeler etjegini bilmän ýakasyny tutýar. Bäşim aga Çaryjygy gujaklap oturşyna "Ýat oglum, ine gujagymda ýatyber. Ukla maňa arkaýyn bol sen. Ukla" diýip çaryjygy uka gidirdi. "Ýene düýş göräýmesin" diýip gujagynda hüwdüleýänýaly iki tarapa çala yrgyldady. Çaga ýene uka gideninden soň Läle gelnejä ýol şaýyny tutmagy tabşyrdy. Bäşim aga näme niýet bilen nirä gitjek bolýarka!?Läle gelneje Bäşim aganyň ýol-harajadyny mäkämledi, säher bolup gün yklymdan ýylgyranynda ataly-ogul ýola düşdüler. Köneje uaz-69 maşynda 3 sagatdagy ýol ýöränlerinden soň, Çaryjygyň birinji gelip düşen ýerleri Garagum-çöli boldy. Bäşim aga bir gara-öýüň golaýynda durup:
-Annameret, aý Annameret içerdemiň how. - diýip gygyranynda ýene bir çopan-ýaşuly öýden kürsäp daşary çykdy. Annameret agada daýaw epeý hem sahy pyýada. Gelen Bäşim agany derrew tanap güler ýüz bilen myhmany garşy alyp, ýöräp gara-öýe barşlaryna hal-ahwal soraşdylar. Bäşim aga öz oglyny görkezip:
- Ine Annameret, bu biziň dogmamyz, ýeke ýumrugym. Ýumruklygyna daşam döwerdiweli, arman "Gorka" uçrady. Bejergisinem özüm bererindä.- diýip Çaryjyga seretdi. Annameret agada:
- Beh o nähili berk bolsa gorky nädip golaýlaşýahow.- diýip Çaryny gujaklap ýokary göterip gülüp içeri girdiler. Çopan düşelgesi bolany sebäpli goýunlar mäde-mäleşýärdiler. Çaryjyk bolsa "Bir goýun geläýmesin" diýip daş-töweregine garanjaklaýar. Annameret aga myhmansöýer bolanlygy üçin Başim aga niýetläp bahym bir toklyny ýykyp şar-şur edip derrew ýadaw ýolagçylary naharlamak bilen boldy. Inede ýaşajyk toklyň etinden bişirilen süýji kebap. Myhmanlaryň öňüne nahar alanynda Çaryjyk nämçündir nahara golaýlaşmady. Annameret-aga ataly-oguly ýeke goýmalydygyna düşünip:
- Süriň içinde meň az-owlak işim bar. Dynanymdan soň gelerin.- diýip gara-öýden daşary çykdy. Uzak ýol geçip aç hem bolsa çaga nahardan iýjegem bolman, goýun-etinden gorkup otyryşyny synlan Bäşim aga gürrüňe başlady:
- Ýeri Çaryjan. Näme boldy. Gel iý. Süýji bolupdur. Dadypgör. Agzyň degse iýersiň...
+ Kaka ol goýun! Meň iýesim gelenok. Gorkýan.- diýen sözleri hem Kakasynda gahar-gazaby oýaranam bolsa, öz gaharyna bäs-gelip Bäşim aga:
-Bar, onda daşary çyk, çöl hem bolsa gyzykly wakalar bardyr. Bar oýnaber.- diýip çagany arassa howa çykarjak boldy. Eger eger. Çaga şondada ýene "Daşarda goýunlar bara" diýip boýun gaçyrdy. Bäşim aga:
- Onda ukla, ýatyber.-diýip ogluna ýorgan düşek ýazdy. Çaga uzak ýol geçeni sebäpli aç hem bolsa bahym uka gitdi. Bäşim aga bolsa ýene Çaryjygy garawullamaga başlady. Bu gezek nämede bolsa Çaryjyk düýşürgenip gara basman sagat 17:00-töweregi oýandy. Içi açlykdan ýaňa jugur-jugur aýdymlar aýdyp saz çalýar. Emma iýere diňe goýunyň eti bar. Bäşim aga:
- Çary oglum. Sen bärde otur. Hiç-ýere çykma. Meň özüm seni çagyraryn.- diýip gara-öýden çykyp, odun çöpleşdirip ot ýakmaga girişdi. Odun gowy köz bolanyndan soň, Annameret aganyň hälki ýykan(halallan) toklusunyň buduny ýanyna alyp oduň gapdalynda goýdy we gara öýe baryp Çaryjygy çagyrdy. Elbetde çaga ýene "Goýunlar bara" diýip çykmajak bolup ýüz öwüreninde Bäşim aga "Gorkma men ýanyňda bolaryn" diýip çagany gujaklap göterip daşary çykdylar. Bäşim aga baryp ýanyp köz bolupduran oda golaý Bäşimjigi oturtdy. Çaryjygyň geçen agşamky aşlygy, hiçzat iýmeýänligi sebäpli elleri saňňyldap ysgyndan gaçypdy. Çary aga bolsa ýaňky goýunuň buduny ýiti pyçak bilen çalaja kesip, Çaryjyga güjeňläp-güjeňläp, agzyny suwardyp, "Çaryjyk gowy edip görsün" diýen niýetde kesilen eti aýlap oda tutup bişirmäge başlady. Howada bişen çişligiňi ysy bark urýar. Açlygyndan we gorkusundan ýaňa titreýän çagasyna düşündirmek üçin Bäşim aga gürrüňe başlady:
- Çary, oglum. Bu jandarlar, goýunlar, düýeler, öküzler hemmesi diýenýaly bize tabyndyr. Olardan gorkmalydäl. Olary iýmeli, häzir sen iýmeseň içiň agyrar, ýene iýmeseň ysgyndan gaçarsyň, ýene iýmeseň açlygyňdan ölersiň. Seň ölesiň gelýändäldirä.- diýip Çaryjyga dikanlady. Çaryjyk sesini çykarmady. Ahyry bolmajagyny bilip Bäşim aga az-owlak ymyzgandy(uklady) bir sellemden soň gözlerini açanynda Çaryjygyň eline pyçak alyp şol goýunuň etinden kesinip oda tutup iýişini görüp Bäşim aga begendi we ýylgyrdy. Sebäbi Çaryjygyň "Gorkana goşaň goşasy görüner"-iniň ýitip başlanyny görüpdi. Megerem ine şu ýerdenem "Doklyk näme diýdirmez, açlyk näme iýdirmez" diýen nakyl emele gelendir.

SOŇY. YZY ÝOK. GUTARDY. TAMAMLANDY. DOWAMY ÝOK.

Awtory: IDEALLIDER

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir