Ýalan:Sen pil ýaly gaty ses çykaryp ýöreýäň!
Hakykat:Piller aslynda ýuwaş ýa-da sessiz hereket edýär.

Ýalan:Hameleonlar reňkini maskirowka üçin üýtgedýär.
Hakykat:Hameleonlaryň reňki emetsional ýagdaýlaryna görä üýtgeýär.

Ýalan:Itler dünýäni ak-gara reňkde görýär.
Hakykat:Itler hem dünýäni reňkli görýär emma,adamlaryňkydan tapawutlyrak.

Ýalan:Körsyçanlar düýbünden kör.
Hakykat:Körsyçanlaram görýär ýöne,gaty erbet.

Ýalan:Gurbagany tutsaň eliňde siňir peýda bolýar.
Hakykat:Elde siňir peýda bolmagynyň, gurbaga hiç hili dahyly ýok.

Ýalan;Gök kit maşyny hem ýuwudup bilýär.
Hakykat:Gök kidiň ýuwudup biljek iň uly zady kiçiräk garpyz ýa-da gawun.

Ýalan:Howp peýda bolanda,düýeguş kellesini ýere sokýar.
Hakykat:Beýle ýagdaýlar-da düýeguş gaçyp gidýär.

Ýalan:Tawus-başgaça guş.
Hakykat:Zoologik tarapdan tawus-adaty horaz.

Ýalan:Gyşda haýwanlar üşeýär,şol sebäpli gyş ukusyna gidýär.
Hakykat:Gyşda iýmit ýetmezçiligi sebäpli, haýwanlar gyş ukusyna gidýär.

Ýalan:Öýe gelen ýylana süýt berseň gowy bolýar.
Hakykat:Süýdüň düzümünde laktoziýa bar.Laktoziýany ýylanlar siňdirip bilmeýär.Süýt içen ýylan azaplanyp ölýär.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir