FIFA geljekde futboly düýbünden üýtgedip biler. Gurama eýýäm mümkin bolup biljek täze düzgünleri synagdan geçirmäge başlady. Bu täzelikleri tejribede görmek üçin 19 ýaşdan kiçi futbolçylar üçin ýörite Future of Football Cup turniri gurnaldy. Häzirki wagtda oňa “PSW”, AZ, “Brýugge” we “RB Leýpsig” toparlary gatnaşýar diýip, gazeta.ru belleýär.

Mümkin bolup biljek üýtgeşmeleriň sanawy şulardan ybarat:

Oýun wagtyny her birinde 30 minut arassa oýun wagty bilen iki ýaryma (taým) bölmek – oýun her arakesmede togtadylýar;
Oýunçylary çalşyrmagyň sanynyň çäksiz bolmagy. Häzirki wagtda pandemiýa sebäpli bäş oýunçyny çalşyrmaga rugsat berilýär (mundan öň üç çalşyk edilýärdi). Täze düzgüne laýyklykda, tälimçi oýun wagtynda hatda tutuş düzümi üýtgedip biler;
Topy autdan aýak bilen girizmek;
Alnan sary duýduryş üçin wagtlaýyn oýundan çykarmak – duýduryşy alan oýunçy bäş minutlap meýdançadan çykarylýar.
Täze düzgünler synagdan geçirilenden soň, FIFA futbol oýunlarynyň düzgünlerini dolandyrýan we düzgünleşdirýän halkara gurama – Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşine teklip ibermek ýa-da ibermezlik barada belli bir karara geler.

Täzelikler, Serdar0207 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir