Bes et,beýdip gözleriňden ýaş dökme,
Nätjek ,bolan işe alaç ýok indi.
Näçe gynansakda,gyýylsakda biz,
Sen meňki däl,menem seňki däl indi.

Aýralyk,aýralyk zalym aýralyk,
Islesekde,ismesekde geldi.
Kyn bolsada galmaly biz ýrylyp,
Men seňki däl,senem meňki däl indi.

Bile bolars diýip arzuw edipdik,
Munda ömrümiziň soňuna çenli.
Eden arzuwmyzyň puç boldy bary,
Sen meňki däl,menem seňki däk indi.

Ýazgarmaly birek biregi asla,
Ýatlamalam unudaly geçeni.
Gel birek-birekden razy bolaly
Sen meňki däl,menem seňki däl indi.

Edebiýat, sammy.kakabay tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir