Şol ýylyñ şol güni,o gitdi,
Bägülleriñ anbary dek ysy bilen.
O gitdi,garap galdym yzy bilen,
O gitdi, gyşy bilen ýazy bilen.

Dünýäniñ iñ gözel gözleri gitdi,
Älemiñ iñ şirin sözleri gitdi.
Beterleşýär ruhumdaky ýaralar,
Ruhumyñ ýarasy kalbyma ýetdi.

Şu ýylyñ,şu güni ,şu ýerde gördüm,
Her tarapda bägülleriñ ysy bar.
Elinden tutup dur oguljugynyñ,
Gujagynda gurjak ýaly gyzy bar.

Guwandym bagtyna hasratym bitdi,
Gözlerime bakdy we ýene gitdi.

Arslan Töräýew 2021 ý

Edebiýat, vento tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir