+Läleeee! Saňa bara, gowja habarym barda.
-Näme habar?
+Bugün üýşüp aýlanmaga gidäýeli
-Hmm... Aý ýok bu habaryň-a erbet. Bilýäñ-ä öýdäkiler göwnäp, barmaýar.
+Men bar-a. Men diýseň ugratýarlar.
-Howwa, onyňam dogry...
+Gitýäsmi onna?!
-Bilemak, öýdäkilerdenem, gyzlardanam soraýyn olar razymyka?!
+Bolýa Läläm, jogabyňa garaşýan.
-Wii dur, dur. Oglanlardan diňe ýeke özüňmi?!
+Begenç bar
-Bollymy
+Bollu-da şol. Ýa ýene üýşüreýinmi?!
-Ýok. Bolýar onna jogabyny aýdaryn-diýip, telefony goýdym.
Begenç gitjegini eştdenimde, şatlykdan uçayjak boldym. Aramyzy sazlamak üçin pursatdan doly wagtdy. Onna-da " özümi agras alyp barmaly, asyl-ha öýkelemeli men, öýkelemeli!" diýip, öz-özüme akyl satýardym. Öýdäkilere-de "Merdan bar-a" diýip, eýdip-beýdip yrdym. Gyzlara-da arakesmä çykanlarynda duýdurdym. Olaram lakgy-lukgusyny köpeldip gitmejek boldular. Onna-da olary yrmak kyn bolmady. Öň beýdip bir ýeri gitmäne höwäslenmän soň, gyzlaram ýuwaşdan aňdylar. "Täze myhman oglan, köňlüne giripdir-ow" diýip, öz aralarynda degen boldular. Menem gepi başga zatlara sowan bolup iş wagtyny zordan getirdim. Başga wagt çalt gutarýan arakesme, gyzlaryň üstümden düşme gürrüňleri bilen gutarmany bilmedi...
... Wagtam ýetip geldi, aýnanyň öňünde sypap sermenip, saçlarymy daraýan. Geýen köýnegim halys magnyma baty berenokdy. Başga-da köwşümiň reňkinde köýnegimem ýokdy. "Öňler näme bolsa, şo bolsun" diýip, üns bermezdim. Bu gezek bolsa özümde üýtgeşik duýgularyň bardygyny aňýardym. Geçen günleri ýatlap, bu duýga umytly garaýardym.
Ahyryn bolsa, gelnejemiň köýnegimiñ reňkinde köwşüniň barlygy ýadyma düşip, gelnejeme jaň edip soradym. Olam "Ýeke baldyzym, janyn sag bolsun!" diýip, sözümi ýykyberenokdy. Inni bolsa özümden hoş. Ýaglygymy hemişekilerden üýtgeşik daňdym. Iki örüm saçym öňüme alyp, elime-de ejemiň ören dokma sumkasyny elime aldym. Sagada seretsem wagtam bolupdyr. Öýden çyksam goňşy tarapdan hiç hili ses ýokdy, duralgada-da adam. "Gijä galaýdymmykam" diýip, kaýinmäne başladym. "Merdanam aýtman gidiberdimi-kä?!, aý howwa " gyzlar aýratyn barar-da" diýen bolmaly".
Derrew Merdana jaň etdim. Çagyryp dur alanok. Has hem aladalandym. Gyzlara jaň etjek bolup durkam, Merdanyň özi jaň edäýdi. Görüp otyrsam, entäk olar öýden çykmandyrlar-a. Begenip duralga tarap ýöredim. Gyzlara inniki duralgada garaşansoň, olardan arkaýyndym. Awtobusam göründi. Şol wagtam Merdan dagynam gelip ýetişdiler. Münüp bir çetde otyrdym. Oglanlaram yzda otyrdylar. Dogrysy, gynandym Begenç bilen hiç hili gep goşup bolanakdy. Inniki duralgada-da, gyzlar mündi. Olar ýanyma gelip, gep gürrüňe güýmediler. Şeýtdirip uzak ýoly ýakyn edip, "Älemgoşar" seýilgähine geldik.
Düşüp, jemlenişdik. Hal-ahwal soraşyp durduk. Begenç gapdalyma gelip:
-Salam owadan gyz
Gep goşanyna, içim nälerçe begense-de gaşymy çytdym.
-Bolýar how, gaşyňy çytma. Dogrusyny aýtsam bagyşla. Näbileýin, bilmändirindä. Bagyşlaa! -diýip, naýynjar seretdi. Köp uzadyp durman "Bolýar" diýip, baş atdym. Entek gürlemesemde, ol muňa razy-dy.
-Doňdurma alyp bereýinmi?! Wiiii ýok, ýok. Öňem-ä doň sen, eretmek kyn. Gowsy patrak alyp bereýin, patrak ýaly açylyp gidersiň.
Bu sözleri täsirlidi, ýylgyryp seredenimi bilmän galdym. Edil şol wagt gözlerim, gözleriniň üstünde-di.Ilkinji gezek seredipdim, ol gözlere. Içimden parran ot geçipdi. Gözlerinden özümi görýärdim, ýylgyrýardy.. Meniň üçin şol wagt ähli zat ümsümlikdi. Şol wagt Bägüliň dürtmesi özüme getirdi. Görüp otursama özümi oňa beripdirin.
Gülzar:
-Heýwi, men-ä şul aksionlaryň ählisine münjek. Içiñiz ýansyn, sizem gorkdaň bir gyrada duruň.
Merdan:
+Hew, hew duraberi sen bir. Başga gezek geleňde münersiň. Gaçyp, bir ýeri-ň döwülip ýörmesin. Soňra agaň bizi sag goýmaz. Öň Läläň agasy yzarlap ýör, başyma bela edip, seň agaňy almana ýagdaý ýok- diýip, gülüşdirdiler-de goýdular. Degişip, gülüşip şol günümizi, ýatdan çykmajak pursatlara baýatdyk. Sagadam giç bolupdy, gyzlar "beter giç bolmaka gideýli" diýip, öýli öýümize dagadyk. Bizem taksiden düşüp öý tarapa ýöredik. Merdan "Men jigilerime, doňdurma alyp geleýin. Öňümden çykanlarynda boş barmaz ýaly" diýip, dükan tarapa sowuldy. Men ýöräberdim. Begenjem yzym bilen gelýärdi. Öýe tarap ýakynlamda, Begenç:
-Bir minut aýak çeksene Läle.
Sakga durdym, yzyma öwürlip, "Näme boldy diýen şekilinde" seredip durdym...

Dowamy bar

Awtory: Babaýewa Sofiýa (Xyivenia)

Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir