Gyrgyzystan gaýtadan dünýäni geň galdyrdy. Halk aýaga galyp, soňky döwürde adalatsyzlyga ýol berendigi aýdylýan hökümeti güýç bilen agdardy. Netijede häkimiýet başyna özlerini halk wekilleri diýip atlandyrýan güýçler geldi. Emma bu hökümet çalşygy gan döküşikli çaknyşyklar arkaly amala aşyryldy. Gyrgyzystanda eýýäm wagtlaýyn hökümet işe başlan-da bolsa, ýurtda häzirlikçe dartgynly ýagdaý dowam edýär. 9-10-njy aprel günleri ýurtda 7-nji aprelde gurban bolanlaryň hatyrasyna ýas günleri geçirilýär. Gyrgyzystanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýaýradan maglumatyna görä, Bişkekde bolan wakalarda 76 adam ölup, 1500-den gowrak adam ýaralandy. Ölenleriň ýaşy 15-den 50-ä çanli aralykda. Ölenlerden 12 adamynyň häzirlikçe şahsyýeti anyklanylmady. Anna güni Bişkegiň «Alatoo» merkezi meýdanyna müňläp adam çykdy. Meýdana gelen adamlar gan yzy galan ýerlere gül goýdular. Gurhan okap, heläk bolanlary ýatladylar. Merhumlar 10-njy aprel güni Gyrgyzystanyň iň tanymal jemgyýet, döwlet, bilim we medeniýet işgärleriniň jaýlanylýan “Ata Beýit” gonamçylygynda depin edilýär. Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti heläk bolanlaryň maşgala agzalaryna 1 million som, ýaralananlara bolsa, 50 müň som mukdarda kömek beriljekdigini mälim etdi. Häzirki wagtda Gyrgyzystanda ýagdaý durnuklylaşýar.

Köneler, Laplandiya tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir