Bary subut etmek, ýogy subut etmekden hemişe ýeňildir. Almanyň bir görnüşiniň ýer ýüzünde bardygyny, ýeke-täk almany görkezmek bilen subut etmek bolar. Emma onuň ýokdugyny öňe sürýän kişi bütin ýer ýüzüni, hatda älemleri aýlanyp, gözläp, şondan soň subut edip biler. Bu bolsa hiç başa barmajak pişedir. Șonuň üçin, ýok hiç haçan subut edilip bilinmez. Bir köşgüň 999 gapysy açyk ýeke biri ýapyk bolsa, şol köşge girip bolmajaklygyny aňlatmaýar. Ynha, inkär ediji hemişe ýapyk bolan bir gapyny tutaryk edinmek isleýär. Aslynda şol gapy hem onuň we oňa meňzeşleriň gözüne inen perde sebäpli, ruhy dünýälerine ýapyk görünýändir. Mü’min üçin bolsa, ýapyk gapy ýokdur. Oňa diňe açyk göz bilen seretmek ýeterlikdir. Ynha, şol gapy we delillerden birnäçesi. 1. Mümkinçilik (imkan) delili Älem mümkin görnüşdedir. Ýagny, onuň barlygy we ýoklugy deňdir. Barlygy ýaly ýok hem bolup biler. Ýagny, barlygynyň derejesinde, ýok hem bar bolmak mümkinçiligine eýedir. Her mümkin hem özünden daşgary bir sebäbe baglydyr. Mümkin bolan bu älem, wajybül wujud bolan bir barlyk tarapyndan ýaradylandyr. Ol bolsa Allahdyr. 2. Hudus delili Älem üýtgäp durandyr. Üýtäp duran zatlaryň barysy soň ýaradylandyr. Șu nukdaýnazardan madda ezeli bolup bilmez. Maddanyň termodinamiki kanuna görä, hemişe ýokluga tarap gitmegi, kosmosyň elmydam giňelmegi, Günüň ýok bolmak ýolundadygy ýaly wakalar barlygyň başlangyjynyň bardygyny görkezýär. Soňradan dörän her bir barlygyň bir ýaradyjysy bardyr. Sebäpsiz netije, senetkärsiz sungat mümkin däldir. Sebäpler zynjyry bolsa, soňsuza çenli dowam etmez. Șonuň üçin hemişe üýtgäp duran, ezeli bolmadyk, soňra emele gelen we ilkinji sebäbe mätäç bolan maddy älemiň hem bir muhdisi – sebäpkäri bardyr. Ol bolsa Allah Tagaladyr. 3. Haýat delili Haýat – dirilik, syrlardan doly, görnüp duran hakykatdyr. Hawa, ony görünen sebäpler bilen düşündirmek kyndyr. Ol gönüden-göni ýaradyjysyny yglan edýär. Gizlin syrlardan doly haýat – alymlary žadylaýşy ýaly, ýönekeý adamlary hem haýran galdyrýar. Haýat tutuş durky bilen: «Meni ýaradan diňe Allahdyr» diýýär. 4. Yntyzam delili Her barlygyň öz parçalary bilen bir äheňde, bir bütewilikde bolşy ýaly, tutuş älem hem bir äheň we nyzam içindedir. Bu bolsa, bir nyzam we yntyzamyň bardygyny habar berýän ýalňyşdyrmajak delildir. Bu Nazymyň (nyzam berijiniň) bardygyny görkezýändir. Ol nyzam beriji bolsa, diňe Allahdyr. 5. Sungat delili Atomdan ynsana, öýjükden galaktikalara çenli, tutuş älemiň akylyňy haýran ediji bir sungatdygy mese-mälim görünýär. Älemdäki her bir eser: örän beýik sungat derejesine eýedir, örän gymmatlydyr, örän gysga wagtda, örän aňsatlyk bilen döreýändir, örän köpdür, bir bütewi we örän dürli-dürlüdir, yzygyderlidir. Gysga wagtda, aňsatlyk bilen köp sanda we dürli-dürli görnüşde döredilýän zat adatça sungat derejesinde bolmaýar. Ýöne döreden we ýaradan Allah bolsa, onda ähli zat üýtgäp, gapma-garşy zatlar hem bir ýerde jemlenýär. 6. Hikmet we maksat delili Her barlygyň özüne mahsus bir maksady we hikmeti bardyr. Älemde zerreçe-de boş, maksatsyz we isrip hasap edip boljak ýagdaýy görmek mümkin däldir. Muňa garamazdan, tebigatda-da, ösümlik we haýwanat dünýäsinde-de, aň-düşünje ýokdur. Șonuň üçin, älemdäki aň-düşünje we hikmet bilen edilen bu işler diňe Allah tarapyn edilip bilner. 7. Șefkat, merhemet we ryzk delili Ähli ýaradylanlaryň, hususan-da ynsanyň mätäçligi çäksizdir. Ygtyýary bolsa ýoga ýakyndyr. Ýöne ähli mätäçlik çekýänleriň zerurlyklary asla garaşylmaýan ýerden we garaşylmaýan şekilde, kimiň nämä, näçe zerurlygy bar bolsa, ýeterlik mukdarda üpjün edilýär. Bularyň ählisi bir şefkat golunyň bardygyny subut edýär. Älem derejesinde işleýän we gutarnyksyz işlejek bu düzgün-nyzamly şefkat, merhemet we ryzklandyrmak – bu zatlaryň ählisine güýç ýetirýän, ähli nogsanlardan daşda durýan Zaty-Züljelaly düşündirýär hem subut edýär. 8. Ýardam etmek delili Älem-jahanda iň ýakyndakydan, iň daşdaka çenli barlyklar biri-birine ýardam edýär. Aralarynda hiç bir baglanyşyk bolmasa-da, jyns we synp taýyndan tapawutly barlyklaram bir-birlerine ýardam etmekde bütewilige öwrülýärler. Mysal üçin, bakteriýalar, gurçuklar we toprak birlikde ösümlikleriň dadyna ýetişýärler. Aňy we akyly bolmadyk bu barlyklaryň adamlaryň akylyny haýran galdyrýan bu hereketleri, hadysalaryň perdesiniň aňyrsyndaky Wajybül Wujud bolan Zatyň hikmetden doly işlerini aýdyň görkezýär. Ýagny, tutuş älem ýardamlaşmak dili bilen «Allah» diýýär. 9. Tämizlik delili Ynsandan ýer ýüzüne, ýer ýüzünden asmanyň çuňluklaryna çenli ähli älemdäki arassaçylyk we tämizlik özbaşdak bir delil hökmünde, bize Kuddus adyny göterýän Zaty düşündirýär. Topragy arassalaýan bakteriýalar, mör-möjekler we ençeme ýyrtyjy guşlar, şemal, gar-ýagmyr, deňizlerdäki aýsbergler we balyklar, asmanymyzy gurşaýan atmosfera, kosmosdaky gara deşikler, bedenimizdäki gany arassalaýan kislorod, ruhumyzy aladalardan halas edýän ruhy öwüsginleriň hemmesi Onuň Kuddus adyndan habar berýär we şol adyň aňyrsyndaky Zaty Mukaddesi görkezýär. 10. Simalar (ýüz-keşb) delili Aslynda simalaryň dürli-dürlüligi ähli mahlukata mahsus aýratyn-lykdyr. Emma biz diňe ynsany mysal getirip, bu meseläni düşündirmekçi. Islendik bir ynsanyň simasy iň inçe aýratynlygyna çenli özünden öň ýaşap geçen we soň ýaşap geçjek miliardlarça ynsanyň hiç birine meňzemeýär. Bu, elbetde, ýaradylan her bir barlygy hemmetaraplaýyn dolulygyna bilýän we şol barlyga islendik şekili bermäge güýji we ylmy ýeterlik bolan Allah Tagalanyň iň ker gulaklara eşidilýän, iň kör gözlere hem görünýän kuwwatly bir yglanydyr. Gözüniň göreji bolmasa-da synasynda kalby bolan her wyždanly kişä bir simadaky agzalaryň başga simalardaky agzalardan tapawutlydygy, her bir gözüň beýleki gözlerden hökmany suratda tapawutly şekildedigi – bularyň ählisi soňsuz hikmetleriň eýesi Zaty Züljelaly görkezýär we tanadýar. 11. Sewki ilahi – instinkt delili Ördegiň jüýjesi ýumurtgadan çykan badyna ýüzmegi başarýar. Pileden çykan garynja derrew hin gazynmaga başlaýar. Ary örän gysga wagtda täsin sungat bolan bal öýjügini ýasaýar, möý bolsa inçe nagyşlary ýatladýan kerebi örýär. Bularyň ählisinden şu many gelip çykýar: bu mahlukatlar muny başga bir älemde özlerine ýörite öwredileni we ýaradylyşda bagyş edilen ukyplary bilen amal edýärler. Emma barlyklar arasynda ukyp taýyndan iň kämil ýaradylan ynsan – her bir zady şu dünýäde öwrenmäge mejbur edilendir. Diýmek, beýleki mahlukata bu aýratynlyklary berýän özleri däldir. Her edýänini hikmet bilen edýän Zaty Züljelal olara şeýdip yhsan edipdir. Kilometrlerçe uzakda ýumurtgalaryny goýup gaýdýan ýylan balyklarynyň çagalary ýumurtgadan çykan batlaryna ýola düşüp, enelerini, hamala, özleri ugradyp goýberen ýaly tapýarlar. Bu zatlary ilahi sewkden başga näme bilen düşündirip bileris?! Haýwanlarda görýän bu täsinligimiz diňe Allah Tagalanyň bagyş etmegi bilen bolup geçýän täsinliklerdir. Diňe şu jähtden çemeleşilse, bu mesele akyl we mantyk taýyndan düşündirilip bilinýär. Başgaça düşündirişleriň hemmesi boş gürrüň bolup galýar. 12. Ruh we wyždan delili Düýp özeni barada anyk maglumatymyz bolmasa-da, ruhumyzyň we oňa degişli funksiýalaryň bedenimize höküm edýänligi, ýene Allah Tagalany tanadýan delillerdendir. Dünýäde emr äleminiň wekili bolan jöwher – ruhdur. Ruh – bu äleme ösüp, kämilleşmek üçin gelendir. Düýp özeni taýyndan maddy älem bilen hiç hili baglanyşygy bolmadyk ruhuň özüne mahsus bir älemden bu ýere iberilişi, kämilleşmek synagyndan geçirilişi, bu işiň belli programma esasynda alnyp barlyşy Hak Tagalany yglan edýän iň möhüm delillerden biridir. Beýleki tarapdan, ynsandaky içki duýgular we hiç hili sebäp ýokka, Rabbe tarap ýönelişler we bu hadysalaryň millionlarça gezek gaýtalanyşy hem şeýle bir anyk delildir. Hak Tagalany tapmagyň iň möhüm wesileleriniň biri, ynsanda ýaradylyşdan bar bolan wyždan – öz Ýaradyjysyna muhapbetiniň derejesinde baglydyr we tutuş durky bilen Onuň bilen berk baglanyşykdadyr. Eýsem «Elest Bezminiň» ýalňyşdyrmajak şaýatlaryndan biri hem wyždan dälmidir?! Wyždan hem bu şaýatlygy sebäpli zerurlyk, tabynlyk we mejburlygyň ugrukdyrmagy netijesinde Allah diýýär. 13. Fytrat we taryh delili Her ynsanda ýagşa we ajaýyplyga bolan söýgi, edil şonuň ýaly hem, ýamana we erbetlige garşy ýigrenç duýgusy inkär edip bolmajak hakykatdyr. Diýmek, ynsana ýagşyny, ajaýyplygy emr edýän, ony erbetliklerden saklaýan sistemanyň eýesi kim bolsa, oňa ahlakly hereket edip, ahlaksyzlygy we erbet hereketleri ýigrendirýän duýgulary berýän hem şol Zatdyr. Bu Zat hem, şübhesiz, Allahdyr. Dinler taryhynyň şaýat bolşuna görä, adamzadyň hiç bir döwri dinsiz geçmändir. Ynsan, batyl hat-da gülkünç bolsa-da, ähli döwürde haýsy-da bolsa bir dine ynanyp, bir ruhy sistemany ýöredipdir. Aýratyn hem ynanmak bir zerurlykdyr. Çünki, bu onuň ýaradylyşynda bardyr. Ynsanyň ýaradylyşyna bu zerurlygy beren Zat bilen, bize ynanmagy emr eden Zat şol bir Zatdyr. Ol hem Allah Tagaladyr. 14. Duýgular delili Ynsanda ençeme duýgy bardyr. Onuň her duýgusy maddy älemiň daşyndan habar berýän häsiýete eýedir. Ýöne ynsanda şeýle bir duýgy bardyr, ol gönüden-göni Allah Tagalany tanadýar. Bu duýgy ynsandaky ebedilik duýgusydyr. Bu duýgy sebäpli, ynsan elmydam ebedilige ýetjek bolýar. Pany bolan hiç bir zat ony doly kanagatlandyryp bilmeýär. Bu duýgy ynsana başga bir panynyň täsiri bilen berlen däldir. Soňy bolan sebäpleriň hiç biri ynsana ebedilik wadasyny berip bilmez. Emma bu duýgynyň barlygy hakykatdyr we ony inkär etmek mümkin däldir. Onda bu duýgy, bizi bu duýgy bilen ýaradan Zat tarapyndan berlipdir. Șeýle hem, bize ebedi ýaşaýşy berjek Oldur. 15. Ittifak delili On sany ýalançy yzly-yzyna gelip, bize «öýüňiz ýanýar» diýse, bu adamlaryň ömründe bir gezek hem dogrusyny aýtmandygyny bilsegem: «Çynmyka?» diýeris we olara ynanarys. Çünki, bu ýerde ittifak – agyzbirikdirmek bardyr. Ýöne biziň gürrüňini edýän ittifakymyz müňlerçe pygamber, ýüz-müňlerçe öwlüýä (weliler), millionlarça ynanan ynsanlar tarapyndan dörän ittifakdyr. Dürli döwürlerde we aýry-aýry ýurtlarda ýaşan bu ynsanlaryň ittifak eden iň esasy meselesi: Allahyň barlygydyr. Onuň hakykatlygydyr. On ýalançynyň bir ýalan üçin eden ittifakyna ähmiýet berlip, millionlarça hem-de ömürlerinde bir gezek hem ýalan sözlemedik pygamberleriň we welileriň şeýle derejedäki ittifakyna ynanmadyk ynsan nähili ynsan bolup biler? Oňa neneň akylly diýersiň?! 16. Kuran delili Kurany Kerimiň Kelamullahdygyny subut edýän ähli deliller şol bir wagtda Allah Tagalanyň barlygynyň hem subutnamasydyr. Kuranyň Allah kelamydygy barada ençeme delil bardyr. Bu tema bilen baglanyşykly yslam çeşmelerinde giň maglumatlar aýdylyp geçilipdir. Biz meseläniň subutyny şol eserlere goýmak bilen çäklenýäris. Hawa bu delilleriň ählisi özlerine mahsus dilleri bilen «Allah bardyr!» diýýärler. 17. Pygamberler delili Pygamberleriň, aýratyn hem pygamberleriň Seýýidi, iki jahanyň Serweri hezreti Muhammediň (s.a.w.) pygamberdigini subut edýän deliller hem ýene Allah Tagalany aňladýan delillere dahyllydyr. Çünki, pygamberleriň barlyklarynyň maksady towhyd, ýagny, Allah Tagalanyň barlygyny we ýeke-täkdigini yglan etmekdir. Her bir pygamberiň hak nebidigini aňladýan ähli deliller deň derejede, hat-da ondanam has ýokary derejede «Allah bardyr we birdir» diýýär

Köneler, hasrat tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir