BEDEN AGZALARY

Bedeniň agzalary bir gün öz aralarynda maslahat geçiripdirler. Olaryň bary garyn üçin işleýändiklerinden arz-şikayat edýärmişler. Agzalar:
- Görsene muny, biz-ä işlemelimiş, bu bolsa hiç zat etmeli däl - diýşip, garna gahar edýärdiler. Maslahatyň soňunda agzalar mundan beýläk garnyň aýdanlaryna gulak asmajakdyklaryna söz berdiler.
Göz: “ Men, mundan beýläk saýgarjak däl.” diýýärdi. Eller “Biz hiç zady tutjak däl”, aýaklar “Garyn üçin biz indi bir ädim hem ätmeris”, agyz “Iýmiti kabul etjek däl”, dişler “Biz indi asla çeýnemeris” diýýärdiler.
Olar sözlerinde durup, garny aç goýdylar. Emma aradan sähelçe salym geçip geçmänka, gözler ümürli görmäge, eller titremäge, agyz guramaga, dişler çüýremäge, aýaklar sandyramaga başlady. Görüşimiz ýaly garyn olarsyz, olar hem garynsyz asla ýaşap bilmeseler gerek.
Olar onsaň bedeni emele getirýän ähli agzalaryň bir-biri üçin işleýändiklerine we olaryň arasynda agzybirlik bolmasa, asla ýaşap bilmejekdiklerine düşündiler. Diýmek, hemme kişi bir-biri üçin işleýärdi we olaryň hat-da biriniň hem ýoklugy, ähli agzalara täsirini ýetirjekdi.

Edebiýat, Syke Dali tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir