Aljak gyzyn asly hakda
Ence erden sorag etdin.
Enesine -atasyna,
Babasyna cenli etdin.

Halyny-da soradyn sen.
Malyny-da soradyn sen.
Hatda taze tutup başlan
Calyny-da soradyn sen.

Arman,iñ gerekli zady
Gownune-de getirmedin,
Gelinligi gorup ozin,
Aklyna goz etirmedin.

Halajakmy o gyz seni?
Oziñ halajakmy gyzy?
Acyljakmy ikinize
Dowletli durmuşyn yazy?

Bu yagdayy ,eser yigit,
Gowniñe-de getirmedin.
Goruşip gelinlik bile,
Geljege -de gož etirmedin.

Seniñ bilen atasy-da,
Enesi-de yaşajak dal.
Yada babasynyñ aty
Yukunizi daşajak dal..

Men eşitdim ,menikli gyz
Kuşt beripdir sawcylaryña,
Özge ucin caklap nyşan
Atjak bolan awcylaryna.

Kuşt beripdir,
Gop! diyipdir
Koki koyen adatyna...
Duşunmänsiñ sen söyguniñ
Iñ esasy kadasyna.

Awtory.Ata Atajanow.

Edebiýat, sapalybegenjow000000 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir