Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli paýtagtly çagalara teatr sowgatlary garaşýar. 30-njy maý güni meýilleşdirilen bu sowgatlary Aşgabatda hereket edýän «ArtIst» teatry taýýarlady.

Has takygy, teatryň döredijilik toparlary çagalara niýetlenen sahna eserleriniň ikisini mugt görkezer. Olarda A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçylarynyň hem çykyş etjekdigini nygtamak gerek.

Şol gün gündiz sagat 12-de «Uly çaý içişligi» atly gyzykly sahna eseriniň görkezilişi başlar. Sagat 14-de bolsa çagalar «Towşan doganlar we beýlekiler» atly sahna eserine tomaşa edip bilerler.

«ArtIst» teatrynyň Aşgabatda indi 14 ýyldan bäri hereket edip gelýändigini ýatladýarys. Bu teatryň eserleriň halkara bäsleşikleriň birnäçesiniň hem ýeňijisi boldy. Teatrda sahna eserleri, köplenç, rus dilinde goýulýar.

Täzelikler, Yazgeldi21 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir