Italiýada “Inter” toparyny 11 ýyldan soňra çempion eden hem-de yzly-yzyna köp ýyldan bäri çempion bolup gelýän “Ýuwentus” toparynyň çempionlygyna böwet bolan Antonio Konte tälimçilik wezipesinden meýletin çekildi.

Bu barada toparyň resmi internet sahypasynda hem beýanat berildi. Şol beýanatda tälimçi Konte bilen şertnamanyň özara ylalaşyk esasynda ýatyrylandygy mälim edildi.

2022-nji ýylyň iýun aýyna çenli şertnamasy bolan we 13 million ýewro möçberinde maliýe serişdelerini almagy meýilleşdirilen Konte üçin ýene-de 7 million öwez tölegi tölener.

Toparyň ýolbaşçylary ykdysady kynçylyklar sebäpli futbolçylaryň we tälimçileriň aýlyk haklarynyň peseldilmegi babatda teklip etdiler. Muňa garşy çykan tälimçi Konte meýletin wezipesinden el çekdi.


topara täze tälimçi bellener. Antonio Konte bolsa “Barselona” ýa-da “Real Madrid” toparlarynyň tälimçisi wezipesine bellenip biler.

2019-njy ýylda “Inter” toparynyň tälimçisi wezipesine bellenen Konte “Inter” toparyny taryhynda 19-njy gezek çempion edip, uly üstünlige eýe bolupdy.

Sport, Yazgeldi21 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir