2021-nji 24-nji maýynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-Senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XX köpugurly halkara sergisi geçirildi. Bu sergä ýurdumyzyň öňdebaryjy kompaniýalary, ýuridik şahslary, işewür guramalaryň wekilleri, daşary ýurt wekilleri şeýle-de ykdysady pudaklaryň ösmegine goşant goşan telekeçiler gatnaşdylar. “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda goşa baýramyň Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy we Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilmeginde çuňňur many bar. Mermer şäher Aşgabat dünýäniň owadan şäherleriniň bir hökmünde ykrar edilip, onuň keşbi binagärlik baýlygy hem-de milli öwüşgini bilen akylyňy haýran edýär.

Sergide meşhur “Çigildem”, “Aýbölek”, “Ak Bulut” “Ussat inžener”, “Döwletli-Döwran” we beýlekiler öz önümlerini hem-de hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar. Hususy pudak daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi giňeltmekde hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, bäsleşige ukyply önümçilikleri ösdürmekde ähmiýetli orun eýeleýär.

Esasan hem, bu sergide “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti ünsi özüne çekdi. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Senagat we Gurluşyk öňümçilik Ministrligi bilen bilelikdäki döredilen bu hojalyk jemgyýeti smart telefonlary, sowadyjylary, kompýuter enjamlary, telewizorlary we beýleki ýokary tehnologiýalary öndürip, halka hödürleýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde daşary ýurt kompaniýalary bilen özara hyzmatdaşlyk saklaýan iri türkmen kompaniýalarymyz özleriniň ýokary hilli önümlerini halkymyza hödürlemegi, bagtyýar ilimizi begendirýär. Bularyň ählisi asuda, erkana we parahat durmuşymyzdan, bolelin ýaşaýşymyzdan nyşan. Şeýle sergidir, dabaralaryň, taryhy ähmiýetli wakalaryň belli bir senelere baglanyşlanyp geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady, syýasy ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.



Şahnoza EMINOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Täzelikler, Yazgeldi21 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir