dag gary gardan-gara ulaşar, gijeler ýatyrmaz näzi gyzlaryň, birisi nuh edip, äre ýetişse, ol gün ýasaw tapar bary gyzlaryň. baýyň gyzy şagalaňda şaýlanar, şaýlanyban beýleräge saýlanar, pukara ýigitler neneň öýlener, näzin artdyr keli, köri gyzlaryň. baýyň gyzy sürter haram teňňesin, birin alsaň, alyp bolmaz öňňesin, dost tutunsaň, ýagşy gyzyň ýeňňesin, eňnesinde ygtyýary gyzlaryň. pasly-bahar bolsa, açylsa läle, bilbil huruç edip, geler hyýala, ýuka köýnek geýip, ýörse şemala, düwme-düwme bolar nary gyzlaryň.

Köneler, shirin89 tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir