Iň köp elektrigi özünde jemleýän tokly ýylan balygy Braziliýanyň we Gaýananyň derýala­rynda ýaşaýar. Uzynlygy 1,8 metre ýetýän bu balyk ýyrtyjy balyklaryň maşgalasyna degişli­dir. Ýylan balygynyň bedeniniň tok çykarýan böle­gi jübüt synadan ybaratdyr. Tokly ýylan baly­gy öz awyny awlan wagty 650 wolta çenli elektrik toguny çykaryp bilýär. *** Awtoulagymyzda “ýangyç gutardy” ýa-da “ýangyç gutaryp gelýär” diýen duýduryş çyra­jygy (bu çyrajygy köplenç gyzyl we goýy sa­ry reňkde bolýar) ýananda özümize golaý bo­lan ýangyç bekediniň nirede ýerleşýändigi barasynda pikirlenip başlaýarys. Muňa garamazdan, duýduryş çyrajygy ýanan wagty awtoulagyň ýangyç pompasy bilen ýangyç gabynyň arasyndaky turbalarda 2-3 litre çenli benzin galýar. Az mukdardaky ýangyç bilen 40-60 kilometre çenli ýol geçmek mümkin. Ýöreljek ýol awtoulagyň kysymyna we ýangyjy ýakyşyna gö­rä üýtgäp bilýär. *** Bananyň düzüminde ýokary derejede aşgar kislotasy (tannic acid) bar. Bişen ba­nandaky aşgar kislotasy onuň beýleki düzüm böleklerini hem öz içine alýar. Heniz bişmedik, reňki ýaşyl bolan bananda aşgar kislotasy bolmaýar. Şol sebäpdenem dilimizi ýylmanak hala getirýän glikozaminoglikan (bu adalganyň başga ady muko­polisakarid) atly maddanyň bolmagyna-da päsgelçilik döreýär. Şeýlelikde, dilimiz gurap, agzymyzda turşumtyk, gamaşdyryjy tagam döreýär. Şol bir wagtyň özün­de bişmedik bananda örän ýokary derejede krahmal bar.

Köneler, Laplandiya tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir