Birinjilik bilen men namys sozunin ozumche dushunen terjimesine seredesim gelyar, yagny namys-sovest, styd, shame, conciousness, yagny yene tazden turkmencha terjime etjek namys-utanch bolyar. Chaga ilki dunya inende, ichine hich zat yazylmadyn arassa, ak sahypaly kitap yaly bolup dogulyar, yagny chaganyn pikiri ya dushunjesi yok. Chaga ulaldygycha dash-towereginden meselem alyp, dushunip ulanyar. Edil shol chaganyn bolshy yaly, menin pikirimche ilki obshina adamlary hem sheyle boldymyka diyyan. Yagny men ona religiya tarapdan seretman, evolyusiya tarapdan seretyan, sebabi shuwagtam namysa etiket tarapdan seretman, psihologiya tarapdan seretyan. Ilki obshina adamlary on menin pikirimche hich hili yapyk koynek ya balak geyen daldirler we ol zatlar son dorap bashlandyr. Ilki bilen bilinden ashakdaky bimaza yerlerini yapandyrlar, sonam ayallar gyzlar gowsuni yapmagy owrenendirler. Menin pikirimche, namysyn manysy territoriya, religiya, tradisiya, kultura we jemgiyete gora uytgap duryar. Bir zady gorkezip, oz dap-dessuryny pikirlenman, ine shu namys diyip bolmaz. Yagny namys diyilende hokman ya oz dap-dessuryna gora diyyan, yada religiyana gora diyyan. Ine musulmanlarda uzyn koynek geymeli, durmusha chykmakdan on gyzlygyny yitirmeli dal diyilyar we Gurhanda oglanlaram toydan on hich biri bilen yatmaly dal diyip yazylgy dur, yagny bular namys. Yone oglanlarymyz name uchindir dine gyzlaryn namysy hakynda pikirlenyaler we oz namyslary hakynda pikirlenenoklar. Turkmenin dap-dessuryndada sheylerak, yagny gyzlygyny yitirmeli dal, soyushmeli dal we sh.m. Ine ene-atany sylamak, ozuni edepli alyp barmak, terbiyesiz bolmazlyk, dash-towerekdakiler bilen biedep bolmazlyk sadaja etiketmika diyyan, yada inlislerde diyilyar, common sense. Ol etiketam biz nadip owrendik? Yagny chaga wagtymyz ene-atamyz we jemgiyetimiz bize shu zatlary owretdi, bolmasa biz bilmezdik bu zatlary. Bizin namys hakynda bolan dushunjamiz Amerikanlaryn yada Orslaryn dushunjesi bilen den gelenok. Bizde toydan on yatmaly dal, gayin enen-atan bilen yuwash gurleshmeli we sh.m. zatlarda olaryn pikiri duybunden bashga. Onki dowurler olardada sheyle ekeni, yone wagt uytgap, adamam uytgap, indi olar has ach-achan etyarler etmeli ishinem. Olar uchin namys indi dine birini oldurmek we birine yamanlyk etmek bolup biler, yone bizin uchin ol zatlar sadaja guna bolup gelyar. Afrikadaky kabir tirelerde ayal-gyzlar gowsuni yapman geyinyaler we bir tire hakynda eshitdim, ayallary yokarda duryar ekenler. Yagny durmusha chykmanka gyzlary tiredaki islan erkegi bilen yatyp goryaler, onson hemme yatan erkeklerinden haysysyny halasalar shona chykyalar ekeni. Son chykansonlaram ol erkegi gownune yaramasa, arkayin ondan ayrylyshyp bashga erkege baryar ekenler. Ine olar uchin bu zatlar namys dalde, sadaja bir dap-dessur, sebabi asyrlar boyuncha edilip gelinyan zat ekeni. Namysy bir gyra ayirip gyzyn gyzlygyna medisina tarapdan seretsen, ol sadaja bir diwarjyk, ol diwar gityar, i vse, bashga bolyan zat yok. Gyzlygy gidende gyzyn manlayindan shah chykanok yada yuzunden nur akanok, yada gorki gidenok. Gyzlygy namys edip goyan bizin religiyamyzdyr we bizin halkymyzyn dap-dessury religiya yakyn bolanson, bizem shol zatlary namys edip ozumize aldyk. Plus, erkek halky basleshigi gowy goryan halk, yagny ach-achan bolmasada, gizlinden biri-biri bilen hemishe bashleshikde bolup duryalar, kimin owadan mashyny bar, kimin owadan soygulisi bar we sh.m. Erkek halky oran gabanjan, sebabi olarda dolandyrmak geny bar, yagny ustun chykmaga, basleshikde birinji bolmaga isleg bolyan genlary bar, onson gyz hachanda bashga biri bilen yatsa, ol oglanyn gownune yaranok, sebabi ozi birinji bolasy gelyar, gyzy ozuninki edesi gelyar, dolandyrmak isleyar. Ikinji bolmagy "zapadlo" goryar...smile...sheylelikdede, erkekler hem gyzyn betlik etmeginin onuni alaslary gelip, namys sozuni gyzlaryn yanynda kop ulanyalar we dowamly yagdayda yatladyp duryalar. Men ona hypocrisy diyyan. Yagny ozlerini onarman, bashgalary kontrol etjek bolyalar. Ine shu yerdede dushunip bolyar, namys dushunjesi religiya, dap-dessura we halka gora uytgap duryar. Biz namanin dogrylygyny ya yalnyshlygyny nadip bilyas? Yene-de bize ol zatlary jemgiyet we mashgalamyz owretyar, bolmasa bilmerdik. Enshtein diyipdir bir gezek, biz "dogrynyn" dogrylygyna "yalnyshyn" nameligini bilmesek bilmerdik diyipdir. Yagny dogrusyz yalnysh bolanok, yalnyshsyz dogry bolanok. Shol bize owredilen namys, dogry ya yalnysh dushunja gorada biz ozumizche namysyn nameligine dushunyas. Onson bize jemgiyet we mashgala tarapdan owredilen "namysy, dogryny" etmezlik bize utanch bolup gelyar. Sebabi biz shol zatlary etmesek, bizi utandyryalar, jemgiyet bizden yuz owuryar, bizi yeke goyyalar. Adam halky yeke yashamak uchin doredilmanson, jemgiyetden ayrylmak bize kyn bolyar, onson biz jemgiyetimizden ayrylmajak bolup, jemgiyetin orta goyan kanunlaryny we dap-dessurlaryny berjay etyas. Sebabi jemgiyetin ichine oz ene-atanam girenson, eger shol dap-dessurlara yada namysa garshy bir ish etsen, dine halk dalde, oz ene-atan hem senden yuz owurmegi mumkin, sebabi olaryn hem oz aklyna shol namys dushunjesi bizin baba-mamalarymyz we jemgiyet bilen guyulan. Kabir her yerde yatyp yoren gyzlara, namysy yok ya utanchsyz diyyaler, name ucin? Sebabi jemgiyetin we religiyanyn orta goyan kanunlaryny berjay edenok. Yogsam shol gyz yatany bilen hich kim helak bolanok, yagny adam olenok. Dine psihologiki taydan, son ol gyz we gyzyn ene-atasy yza/helak chekmegi mumkin, sebabi aydyshym yaly, yenede shol jemgiyetin orta goyan kanunyndan yuz owurdigi bolyar. Onson ol gyzyn ene-atasynada jemgiyet erbet tarapdan seretyaler, oz gyzyny berk tutmady diyyaler, sheydibem utandyryalar we yekeleyaler. Sheylelikde, namys diyilyan zat asla yok (erbet zat diyemok), yagny fizicheskiy bir zady gorkezip, ine shu namys diyip bolanok. Namys bizin ene-atamyzyn we jemgiyetimizin bize owreden dushunjesi. Namys - dushunje.

Köneler, jankaka tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir