Google drive surat aýdym, programma, e-kitap ýüklemek we paýlaşmak

Salam bloglar.ru saýtynyň hormatly agzalary we myhmanlary! Bu günki blogymda google drive -den faýl ýüklemegi we paýlaşmagy öwretmekçi. «Google drive faýl ýüklemegiň näme peýdasy bar? » Drive faýl ýüklemegiň peýdasy şol ýüklenen faýllaryňy islendik wagt saýtlardan we imo ýaly programmalardan ýüklän faýlyňy beýlekiler bilen paýlaşyp, saýtlara öz aýdymlaryňy ,programmalaryňy,e-kitaplaryňy baglanşyk (ссылка) goýup beýlekiler hem faýlyňy ýükläp alar ýaly edip bolýar. Ilki bilen aşakdaky salgy boýunça plaý marketden «Google drive » programmasyny ýüklemeli.

https://play.google.com/store/apps/details?id=com....

Plaý marketden google drive programmasyny ýüklän bolsaňyz indi esasy meselä geçeliň.

Google drive nädip surat, aýdym, programma, e-kitap ýüklemeli ?

Onuň üçin :

1. Programma girmeli

2. Goşmak + düwmesine basmaly .

3. «Загрузить » girmeli.

4. Ýüklejek faýlyň üstüne basmaly.

Şeýlilik bilen google drive faýlymyzy ýüklediňiz. Indi şol ýüklän faýlymyza baglanşyk (ссылка) goýup beýlekiler bilen paýlaşar ýaly edeliň. Beýlekileri bilemok welin meniň özümä aşakdaky usuly ulanýan .

1. Programma girmeli

2. Baglanşyk goýjak faýlyň gapdalyndaky dikligine duran üç nokadyň üstüne basmaly.

3. «Скопировать ссылку» basmaly

Şu usul bilen faýlyň baglanşygyny kopýa edip paýlaşjak saýtyňa baglanşygy kopýa edip goýup bilersiňiz.

Üns bilen okanyňyz üçin sag boluň

Taýýarlan: Gerçeknazar Amannazarow

Çeşme : https://bloglar.ru/news/589-google-drive-surat-a-dym-programma-e-kitap-klemek-we-pa-la-mak.html

Tehnologiýa, Gubadag_A.Alayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir