Allahyň Resuly Hezreti Muhammet (s.a.w.) ortadan ýokary boýy, ynsanlar arasynda halanylýan, göze ýakymly giň, açyk ýüzi bardy. Onuň bedeni bugdaýreňk, nuranady. Gaşlarynyň tapyşýan ýeri ýumralar galar durardy. Gözleri gara, gaşlarynyň arasy açygrak, gür sakgally, eginlek, elleri-aýaklary ýognasdan berdaşlydy. Çala goňras öwüsýän gara, tolkun atyp duran saçlary bardy.1 Muhammet pygamberiň (s.a.w.) käkili köplenç gulagynyň ýumşak etine ýetip durardy. Ol saçyny iki bölüp darardy. Saç-sakalyny bejermeli bolaýsa, ony soňa goýmazdy. Käte saçyny hezreti Äşe ýaly aýAllahryna-da daradardy. Owadan görünmek üçin däl-de, saglygyň hatyrasyna ýatar wagty gözlerine sürme çekerdi. Ir bilen bolsa ony ýuwup aýrardy. Ashaby Kiramyň (sahabalaryň) aýtmaklaryna görä, onuň ýagyrnysynda pygamberlik möhüri hem bolupdyr. Pygamberimiziň ýatýan jaýynda miswak, täret suwy, darak durardy. Ol arassaçylyga aýratyn üns berer eken. Esasan hem ol dişleri arassa saklar eken, her täret kylanda miswak dişlerini arassalar eken.

Köneler, Laplandiya tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir