Bir bar eken, bir ýok eken, Bir şahyr ýaşapdyr, ýaman uzakda, Şahyryň päkje köňlünde diňe Pikirler ýaşarmyş gözel gyz hakda. Şahyr watanyn goýup, gitdi uzaga, Gözel gyzyň kalbyny gazanmak üçin, Şirin sözli goşgular düzdi-de düzdi Gyzyň gulajygna pyşyrdamak üçin. Uzagyň soňuna ýetende şahyr, Bir dagyň başynda akja köşk gördi, Hudaýa şükredip, daga dyrmaşdy, Begenip, şol köşkden içeri girdi. Ak köşkde gara döw ýaşaýar eken, Gözel gyzy zyndanda saklaýar eken, Zyndany gulp bilen gulplaýar eken, Şol gulpam passwordly açylýar eken. Gara döwden gizlenip, garaşdy şahyr, Gara döw ýatansoň, zyndana gidip, Gözel gyza duşdy ol indi ahyr Ýöne bu gulpy açmaly, nädip? Gözel "gyz şypyry bilemok" diýdi "Gulpa bir zatlara pyşyrdamaly" Şahyr kän oýlandy, kän pikirlendi "Belki-de gulpa goşgy okamaly?" Gözel gyz üçin düzen bar goşgylaryn, Mylaýym sesi bilen şahyr sözledi, Gulp şirin sözlere çydap bilmedi, Çalajadan, ýuwaş ýuwaş eredi. Şahyr bilen gözel gyz gaçyp Moskwiçli, Geldiler şahyryň uzak yurduna, Gözel gyz gujaklap, batyr şahyry, Bir möhüm syr aýtdy, oň gulagna. Dagdaky akja köşk - näzik bedenim, Gara döw - aklymdaky gara pikirlerim, Şol zyndan - duygusyz ýaşaýan ruhym, Işikdäki gulpam - meniň ýüregim.

Köneler, Farida tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir