“Sabyr” sözi hyrçyňy dişlemek, çydamak, duýgularyňa erk edip bilmek diýen ýaly manylary berýär. Sabyrly bolmak, elbetde, aňsat däl. Emma şeýle-de bolsa, kynçylyklara ýa-da haýsydyr bir apata duçar bolan wagty ynsanyň sabyr etmegi zerurdyr. Diýeliň, çykgynsyz ýaly görünýän agyr ýagdaýa uçradyňyz. Göräýmäge, bu ýagdaýdan baş alyp çykyp bilmejek ýalysyňyz. Ruhdan düşüp, sussuňyz basylyp, üstüňize asman çöken ýaly bolar. Şonda derrew öz ruhy ýagdaýymyzy üýtgetmäge çalyşmalydyrys. Muny hem ýerimizi üýtgetmek ýa-da aýak üstünde bolsak oturyp, outran bolsak ýatyp, ýa bolmasa, başgarak işe gümra bolup, bir pursatlyk ünsümizi başga zada sowmak bilen amala aşyryp bileris. Täret alyp namaz okamak, başga bir otaga geçmek muňa mysal bolup biler. Käte bolsa, uklamak bilen pajyganyň täsirinden gutulmagymyza kömek edýändir. Haýsydyr bir kynçylyga sezewar bolanymyzda, ýakymsyz habar eşidenimizde şol pursatlyk şeýle üýtgeşmeler etmek, hadysanyň täsirini azda-kände ýeňleder. Sabyr ybadatlary irginsiz dowam etdirmek meselesinde-de juda möhümdir. Ýaňy namaza başlan adam üçin, ilkibada ybadat kyn ýaly görnüp biler. Emma, biraz sabyr edip, ruhuny namaz bilen bitewileşdirse, ýekeje namazy sypdyrmak hem oňa ähli zatdan beter ezýet berer. Agyz beklemek, zekat, haj ýaly ybadatlar babatda hem şeýle… Ynsan haram zatlara baş goşmazlyk üçin hem sabyr etmeli. Günä zatlara ilkinji garşylyk, ondan soňky geljek erbetlikleriň öňüni alar. Şonuň üçin Pygamberimiz (s.a.w.) Hezreti Ala (Allah ondan razy bolsun!) “Birinji serediş seniňki, galany seniň garşyňa” diýip buýurýar. Ynsanyň gözi günä zatlara ilip biler. Ýöne ol şobada gözüni ýumup, ýüzüni başga ýana sowsa, oňa günä ýazylmaz. Hatda, haramdan ýüz öwreni üçin, sogap gazanar. Emma ikinji we has soňky seretmeler, zäherli ok ýaly ynsanyň kalbyna hem-de ruhuna çümer. Soňra bolsa, adamyň hyýalynda her hili erbet pikirler at salyp başlar. Erk ejizlär. Sebäbi ynsan her gezek harama seredende, harama has golaýlaşýar we harama has köpräk seredesi gelýär. Mundan soňra ol adam harama gujagyny açar, başgaça aýdylanda, harama ulaşar we oňa ýaňa-dan öňki dünýesine dolanmak kyn düşer. Şu nukdaýnazardan, ynsanyň haram bilen ýüzbe-ýüz bolan ilkinji pursatynda sabyr edip, haramdan ýüz öwürmegi Pygamberimiziň (s.a.w.) sargytlarynyň biridir. Epiktet: “Erbet arzuwlar ýakaňdan tutan wagty derrew onuň elini ýakaňdan aýyrmaga çalyş. Ýogsam, haram ýola gadam basaňsoň, yzyňa dolanmak ýeňil düşmez” diýýär. Bu hakykatdan hem şeýle. Ynsan haramdan daşlaşdygyça, bu hereket onuň häsiýetine siňer. Soň-soňlar onuň kalbyndaky günä uçgunlary sönüp, kalp iman nury bilen nurlanar. Harama seretmezlik, ynsanyň endigine öwrülip gider.

Köneler, şakird tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir