Erkek ýüreklidir, şir ýaly mertdir,
Gaýduwsyz, merdana, özüne berkdir,
Ýöne durmuş öz diýenini etdir,
Ah çekip, erkegem aglar ekeni.

Çyn dosty bir gün duzyny depse,
Ýeňsesinden gizlin dönüklik etse,
Ähli hakykata gözi giç ýetse,
Gynanyp erkegem aglar ekeni.

Ilki sataşanda, ilkinji söýgä,
Söýen gyzy göwün beräýse özgä,
Arzuwyna duşman, çümäýse görgä,
Bagt üçin, erkegem aglar ekeni.

Döwleti bir günde elinden gitse,
Ýada hassa bolup kyn günde ýatsa,
Öňki abraýy hormaty ýitse,
Bildirmän, erkegem aglar ekeni.

Eger köýüp gitse, arzuw-hyýaly,
Ýasdykdaşy bolup çyksa günäli,
Biwepalyk etse, eger aýaly,
Çydap bilmän, erkek aglar ekeni.

Beter bolsa ýüreginiň awusy,
Ýüzün ýere çalsa eziz çagasy,
Kalbynda gaýnasa ary-namysy,
Ejizläp, erkegem aglar ekeni.

Geň görmezler şunda erkek aglasa,
Çykalgasyz ýürek bagryn daglasa,
Ýakynlarnyň birin ýere jaýlasa,
Gygyryp, erkegem aglar ekeni.

Kalbyndan çykarsa eger şeýtany,
Oýansa ýürekde onuň imany,
Geç günämi diýip ýatlap Allany,
Dileg edip, erkek aglar ekeni.

Döwlet Berdigylyjow

Edebiýat, Men_ve_Sen tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir