dostlar men bu gun sizin unsunizi saglyga chekesim gelya..... 24-nji noýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň AIDS-e garşy göreş boýunça edarasy Bütindünýä saglyk guramasy bilen bilelikde AIDS keseliniň dünýäde ýaýraýşy hakdaky soňky maglumatlary öz içine alýan hasabaty çap etdi. Şol maglumatda soňky sekiz ýylyň içinde WIÇ infeksiýasyna täzeden ýolugýan adamlaryň sanynyň 17% azalandygy, ilata AIDS hem Wiç infeksiýasyna garşy dermanlaryň elýeterli edilmeginiň şeýle netijeleriň gazanylmagyna getirendigi aýdylýar. Ýöne Gündogar Ýewropa hem Merkezi Aziýa regionlarda bu keseliň ýaýraýyş depgininiň henize çenli ýokarydygy bellenilýär. Ýagny 2008-nji ýyl boýunça berilýän maglumatlarda bu regionlarda WIÇ infeksiýasy ýokuşanlaryň sanynyň 2001-nji ýyldan bäri 66% ýokarlanyp, 1,5 million adama barabar bolandygy aýdylýar. Gündogar Ýewropa hem Merkezi Aziýa regionlary dünýäde WIÇ infeksiýasynyň iň çalt depginde ýaýraýan ýeri bolup durýar.

Köneler, Laplandiya tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir