Aşgabat ýer yranmasynyň bolup geçenine 61 ýyl boldy. Biz ol pajygaly hadysany indi 60 ýyl bäri belleýäris. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda, gije 1 sagat 12 minutda Aşgabatda we onuň töwereginde ägirt güýçli ýer yranma bolupdy. Ol sarsgyny şol wagtda dünýäniň köp seýsmik stansiýalary hasaba alypdyr. Ýer yranmanyň episentri Aşgabadyň 25 kilometrlik günorta-gündogar tarapynda ýerleşýär. Şol ýerde ýeriň ýokarky gatlagynda uly jaýryk emele gelipdir. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa institurtynyň direktorynyň ylmy işler boýunça öňki orunbasary, belli fizik Muhammet Şirmämmedowyň ýazmagyna görä, ýer yranmanyň episentri Gäwers obasynyň günorta-günbataryndaky baýyrlykda ýerleşýär. 20 ýyl soň Alym şol hadysadan 20 ýyl geçenden soň hem baýyryň üstüniň şol böleginiň sürlen ýere meňzäp durandygyny ýazýar. Ýeriň süýşendigini hem aşaklygyna uzalyp gidýän, giňligi ýarym metr çemesi jaýrygyň emele gelendigini ýazýar. Ol ýerde wulkana çalymdaş tümmejikleriň bardygyny we olardan suwuň çykandygyny belleýär. Ýer titreme netijesinde, golaýdaky obalar doly weýran bolupdyr. Meselem, öňki Änew obasynda diňe köçeleriň ugry galypdyr. Şol töwerekdäki obalarda ýaňadan dikeldere zat bolmansoň, obany taşlap, başga ýerden mekan tutmaly bolupdyrlar. Ýer titremäniň güýji Türkmen sowet ensiklopediýasynyň ýazmagyna görä, ýer titremäniň güýji episentrde, Rihteriň 12 bally ölçeginde 10 çemesi boludyr. Aşgabat şäherinde, Änewde, Guryhowdanda, Gyrtluda 9 bal, Gorjawda, Büzmeýinde, Gökdepede, Yzgantda 8 bal, Bokurdakda, Arçmanda, Kakada 6 bal, Tejende, Bamyda 5 bal, Maryda, Çärjewde, Daşoguzda, Nebitdagda 4 bal bolupdyr. Garaz, ol sarsgyn ýurduň bar ýerinde bildiripdir. Şeýle-de bolsa, ol tebigy heläkçiligiň pidalarynyň näçedigi we nähili ýitgi bolnadygy barada takyk maglumatlar halk köpçüligine mälim edilmedi. Diňe 80-nji ýyllaryň aýagynda Aşgabat ýer titremesinde heläk bolanlara ýadygärlik dikeldilmeli diýen mesele orta atyldy. Bu ugurda birnäçe konkurs hem geçirildi, ýöne ýadygärlik goýmak üçin, mynasyp bir işi saýlap bilmediler. Bu tebigy heläkçilik barada 50-nji ýyllarda Berdi Kerbabaýew bir hekaýa ýazdy diýäýmesek, ol türkmen medeniýetinde öz beýanyny tapmady. Bu bolsa, elbetde, kadaly ýagdaý däl. Sebäbi ol ýatlanmasa, unudylmak bilen bolýar. Matam guniniz kabul bolsun, o gunde bizin aramyzdan giden watandashlammyzyzn we garyndashlarymyzyn yatan yerleri yagty bolsun, jaylary jennet bolsun we gabyr azabyndan we jahennem odundan ALLAtagalanyn ozi gorasyn, amin!

Köneler, watanym tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir