Nebs hazany öwsüp akyl solmazmy, Galplyk ýeli ar gülüňi ýolmazmy? Öljek bolýaň nesliň üçin zat ýygnap, Nesliňde el- hünär, kelle bolmazmy? Tas ýalaňaç “gelin” gördüm köçede, “Yşky nazar” dikýär oňa beçe-de. “Äri” bilen goltuklaşyp gelşine , Bakyşlary jan otlaýar niçede. Nije oduň ýalyny bar, közi ýok, Jöwen unuň hamyry bar , özi ýok. Göroglynyň heýkeli ýok , özi bar. Kän-känleriň heýkeli bar , özi ýok. Kim diýseň diý, erkek diýme çyňsana, Diňe mertlik salar ili çyn sana. Ynsan bolup biljegi ýok haýwanyň, Haýwan bolmak ap-aňsatdyr ynsana. Gahrymanlyk tötänligiň elinde, Bitmeýär ol öwgüleriň pelinde. Gahrymanlyk ýasalmaýar, döreýär, Berkeýä ol jebriň tupan – ýelinde.

Köneler, ýadan. tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir