Hormatly Prezidentimiz “Türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, bolelin durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň üçin, ýurdumyzda zähmet we durmuş üpjünçilik kanunçylygy berkedilýär, döwletimiziň ylmy-tehniki kuwwaty dünýa derejesinde ýokarlandyrylýar. Sonky döwürde ýurdumyzyň oba-hojalygyny düýpli özgertmekde, ýokary depginler bilen ösdürmekde, topragymyzyň berekedini artdyrmakda has netijeli işler amala aşyrylýar. Oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmek üçin türkmen ýaýlararynda münlerçe gektar täze ýerler açylýar, obalary, şäherleri, etrap merkezlerini abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar” diýip, uly buýsanç bilen aýdyşy ýaly, oba hojalyk işgärleriniň, edermen daýhanlarymyzyň baş maksady rysgal-bereket eçilýän sahawatly türkmen topragymyzyň hümmetine belent sarpa goýup, ony aýawly saklap, ýerden bol hasyl öndürmekden, öz halal, päk zähmeti bilen üstünlik gazanyp, dünýa eşterleriniň elýeterli durmuşynda bolelin ýaşamakdan ybarat bolup durýar.
Şonuň üçin hem türkmen topragynda ýetişdirilýän bol hasylly meýdanlaryň aýdymy sähralarda owazlanyp, geçmişden geljege ýaşaýyş mukamy bolup ýaň salyp dur.
Toprak eçilende reýhana geler,
Arş rehneti ýaşyl meýdana geler,
Ekinleriň sogaby daýhana geler,
Zemzem çeşmesiniň köwseri-hasyl,

Pagta-bugdaý köňülleriň şadynda ,
Müşgün saçar säherleriň badynda,
Hasylly ýaýlalar mydam ýadyňda ,
Uçmaly düzleriň seýraly –hasyl.
Hormatly Prezidentimiziň türkmen halky dünýä eşretleriniň elýeterli durmuşynda ýaşatmak ugrynda alyp barýan beýik işleri, ýadawsyz aladalary netijesinde ýurdumyz uly ykdysady ösüşe eýe boldy we şonuň bilen birlikde türkmen topragynyň hasyllylygy artyp, onuň sahawatlylygy ýokarlandy.

Täzelikler, abatturkmen tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir