Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berdi. Türkmenistan gysga wagtda ýurtlaryň arasynda özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatdy.
Bitaraplyk –ýurdumyzyň halkara arenasyndaky hereketiniň işjeňliginiň esasy häsiýetini kesgitleýän düýpli ýörelgedir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygymyz –häzirki zamanyň esasy meselelerine düýpli göz ýetirmekdir we olary has giň tejribelere daýanyp çözmäge çalyşmakdyr. Hemişelik Bitaraplygymyz umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, raýat asudalygyny kepillendirmek bilen bagly geljegi nazarlaýan başlangyçlary öňe sürýär. Bu başlangyçlaryň dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldaw tapyp, BMG ýaly iri halkara guramalarynda ýörite resminamalar bilen berkidilmegi bolsa hemişelik Bitarap Watanymyzyň belent abraýynyň subutnamasydyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz:” Garaşsyz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan halkara borçlaryna eýerip, olary durmuşa geçirmegiň syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlaryny kesgitledi we üstünlikli amala aşyrýar” diýip belleýär.
Türkmenistan beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda özara hyzmatdaşlygy ösdürýär we köp ýurtlar bilen söwda-ykdysady hem-de medeni gatnaşyklary berkidýär. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasaty halkara kadalaryna laýyklykda daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň kepillendirilmegi şeýle hem ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleri, amatly geosyýasy ýagdaýy, syýasy durnuklylygy, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň daşary ýurt maýa goýumlaryny özüne çekýänligi bilen oňyn netijeleri berýär.
2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 12-nji dekabr “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan edildi. Halkara Bitaraplyk güni Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp eserleriň biridir. Goý, eziz watanymyzyň dünýä derejesindäki abraýyny pugtalandyrmakda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!

Täzelikler, abatturkmen tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir