Her gün tümlik gurşanynda daşymy,
Bile geçen günlem ýadyma düşýär.
Ysgyn ýok,gurwat ýok ýykylyp barýan,
Aýralyk odunda jigerim bişýär.

Her gün tümlik gurşanynda daşymy,
Mylaýym ýylgyrşyň düşýär ýadyma.
Ýekelik laýyna çümip barýaryn,
Aýt öziň,kim ýetişmeli dadyma.

Gara saçlaň oýnap,doýmadyk ellem,
Indi tutmana zar,ýeke taryny.
Bile geçen,bir günmize çalyşjak,
Aýralykda geçen günleň baryny.

Sowady durmuşym,sowuldy ýazym,
Ýagty dünýäm garaldyla kem-kemden.
Çölde galan bag ýaly gura barýan,
Seniň maňa sowgat beren derdiňden.

Aýlar geçdi,ýyllar geçdi aýlanyp,
Ine bir gün ykbal bizi duşyrdy.
Ikimiziň tätänleýin duşmagmyz,
Gözleriňe ajy ýaşlar üýşirdi.

Ýuwaşja öwisýän sergezdan şemal,
Başyňdaky öýmäň galgadýar herýan.
Wah,men seni näler bagryma basjak,
Sen indi özge bir,ýigdiňki arman.

"Bagtly bol" ýöne welin unutma,
Ýüregimiň diňe saňa zarlygy!.
Unutmagyn,unutmagyn hiç haçan,
Seni söýen,bir ýigidiň barlygyn!

Edebiýat, sammy.kakabay tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir