Spirtli içgileriň adam saglygyna zyýany Spirtli içgiler dänelerden we miwelerden ýasalýar. Içgilerde ynsanlarda serhoşluk ýagdaýyny döreden, ýagny esasy zyýanly bolan madda, örän köp etil-spirt diýen himiki maddadyr. Her bir içgide tapawutly göterimde etil-spirt bardyr. piwo hem içgileriň biridir. Ýöne beýleki spirtli içgilerden gradusy, göterimi biraz aşakdyr. Içgi içen şahsda etil-spirt içgi görnüşinde sorulyp, gana geçýär. Gan aýlanyş ýoly bilen bütin beden organlaryna ýaýraýar. Bütin organizmiň öýjüklerini kadasyzlyk ýagdaýyna öwürýär ýagny, bir bada ( stakan ) içginiň bedeniň her organyna däl, eýsem organizmiň her bir öýjüklerine adatdan daşary zyýany bardyr. Spirtli içgi ynsan organizminde bagyrda reaksiýa emele getirýär, ýagny ýanýar. Bu ýerde suw we karbondiokside çenli bölünýär. Az bir mukdardaky bölegi böwreklerden we dem alyş bilen agyzdan daşary çykarylýar. Şnuň üçin içgi içen adamlaryň agzyndan alkagol içginiň erbet ysy kaňkar. Serhoşluk nähili emele gelýär? Alkogol bir anestezik, ýagny beýhuş ediji bir maddadyr. Gan ýoly bilen beýnä grlýär. Beýni organizmiň, bedeniň edara merkezidir, ýagny oňa merkez hökmünde düşüneliň. Alkogol beýnä grlrn wagtynda, ol beýniniň kadaly işleýşine zyýan berýär. Ilkinji gezek karar berme, ýagny akyly-netijäni, aňy, aňlaýşyň ka dasyny bozýar. Serhoş adam öz kararlarynda we eden hasaplamalarynda ýalňyşlyklar goýberýär. Soňra serhoşluk ynsanyň ýörite bir aýratynlygy bolan utanç perdesini ýyrtýar. Serhoş adam seri sag ýagdaýda edilmejek gödek hereketleri edýär. Bu zatlary bolsa serhoş pitiwa-da etmeýär,beýle zatlara üns hem bermeýär. Spirtli içgiler mundan soňra adamyň görüş organyny we sözleýişini bozýar. Serhoş adamlar, aýratynda, gödek, ýaramaz, paýyş sözleri ulanyp, öz hetdini bilmezden, çakdanaşa, gerekmejek we ýürege düşgünç köp gürleýärler. Içgi onuň yzysüre eşidişi we myşsalaryň düzgün-kadaly işlemegini sandan çykarýar. Serthoş adamlar, bilnişi ýaly, aýaklanmadyk köşek ýaly ýöreýärler. Olar öz deňagramlylygyny kynçylyk bilen saklaýarlar. Ine, şeýle bir ýagdaýdaky şahs düşünmeýän, akylyny ulanmaýan, daşary sfera bilen baglanyşygy azalan, ynsanyň özboluşly aýratynlygy bolan utanç-haýasyny egsen, diňe dem alyş, gan aýlanyş we iýmit siňdiriş ýaly awtomatik hereketler bilen ýaşaýan bir mahlukdyr. Emma örän artyk möçberde içilen içgi bu hereketleri-de togtadýar. Şahsyň ýüregi durýar,demalyşda ysmazlykdan başlap ölüme çenli ýol açýar. Şeýle ýagdaýda köp sanly ynsanlar birbada örän artyk mukdarda spirtli içgileri içendigi sebäpli, stoluň başynda gatap galýarlar. Ine, alkogolikleriň, serhoşlaryň ýagdaýy-ha şeýle. Olar jemgyýete maddy we material taýdan hem ýük, hem-de dert bolan ynsanlar ýagdaýyna düşýärler. Içgi içenler şübhesiz “biz alkogolik bolarys” diýip, içgä başlamaýarlar. Ýöne , şeýle-de bolsa, olar dünýäsini berbat edýärler. Alkogolyň organizmdäki netijesi Bir owurt piwo ýa-da şerap içen şahsa iň soňky täsir edýän element, içginiň düzümindäki bar bolan we suwda çaltlyk bilen ereýän alkogol – etil spirtdir. Etil spirti şeýle çaltlyk bilen ereýär welin, serhoşda her bir owurt alkogolyň bir bölegi heniz ýuwutmazdan öň , dil we diş etleriniň arasyndan gös-göni gana düşýär.alkogolyň käbir bölegi-de ne-hä dargaýar, ne-de adaty iýmitler ýaly garyşýar. Ol hem aşgazandan, hem-de inçe içegelerden çaltlyk bilen gana goşulýar. Içgi içen şahsyň alan alkogolyň ýogyn içegelere geçişi örän seýrekdir. Bu ýuwutmaklyk şeýle çaltlyk bilen geçýär welin,içgi bilen doldurylan aşgazandaky alkogolyň 90%-i bir sagatda ganyň içindedir. Gan içinde erän alkogol gysga bir zamanda gan aäýlanyş sistemasynyň arada durmagy bilen organizmdäki bütin organlara, esasan hem beýni ýaly ýokary suw we gan içi bolan organlara gidýär. 100 trillion bilen beýan edilýän bütin organizmiň öýjükleriniň alkogol, kadadan çykmasyz, hemmesiniň gapysyny ýekeme-ýeke kakyp çykýar. Ýagny, bir stakan içgi içen şahsyň organizminiň ähli öýjükleri zyýan çekýär. Narkotoki maddalaryň (beýhuş edijileriň) zyýany Narkotiki diýip atlandyrylýan maddalar köplenç ýagdaýda haşhaş ösümliginden (papawersomniferum) iki sany usul vbilen alynýar : 1. Haşhaş ösümliginiň tohum gozasynyň ýetişmeginden öň, ony pyçak bilen dilmek arkaly daşary akan suwuklygyň günde guradylmagyndan alnan tirýek sakyzyndan alynýar. 2. Ýetişen tohum gozasynyň gury galyndylaryndan alynýar. Meperidin (pethidine) we metadon (methadone) bolsa tutuşlygyna sintetik görnüşinde laboratoriýalarda sintezlenen narkotiki maddalardyr. Metadon köplenç geroinkeşleriň saglygyny bejermekde, geroine görä az zyýanlydygy düşünilip, “iň erbetlerinden-hä ganymatdyr” diýlen maddadyr. Narkotiki maddalar agyry kesiji we uky beriji, rahatlandyryjy hökmünde tanalýar. Mysal üçin, morfiý güýçli agyrylary bolan düwnük (rak) kesellilere doktoryň gözegçiliginde agyry kesiji görnüşinde berler. Kodein üsgülewük kesiji madda görnüşinde tanalýar. Geroin morfiýiň ikinji bir ýola işlenilmegi netijesinde alynýar. Medisinada hiç wagt ulanylmaýar. Alnyşy-da kanundan daşgarydyr. Geroin bütin narkotiki maddalaryň hyýanatçylyklarynyň 90%-ni düzýär. Meň Türkiýede hyýanatçylykly we gizlin görnüşinde iň köp ulanylan zyýanly maddalaryň biridir. Meň bütin dünýäniň ähli geografiki ýerlerinde ösdürilip bilnen ýabany hind kenepi ösümliginiň baldaguyndan, ýapraklaryndan we gülli böleklrinden alynýar. Asyl bendi madda ösümligiň özen suwuklygynda bolan delta – 9 tetragidrokannabinol (tgk). Gury ýapraklarynyň temmäkä saralyp çekilmegi iň köp ýaýran görnüşidir. Meňiň eň erbet zyýany, belki piwonyň şahsy ýokary derejeli spirtli içgilere geçmeginde serişde bolşy ýaly, meň hem geroin , kokain ýaly agyr endik etdiren maddalara öwrenişdirmäge geçme hyzmatyny ýerine ýetirmegidir. Kokain Günorta Amerikada ýetişen koko ösümliginiň ýapraklaryndan alynýar. Ak, kristal, duz görnüşinde bolan bir tozdur. Takmynan 200 kg koko ýapragyndan ýarym kilogramm kokain alynýar. Uzak ýyllaryň dowamynda ulananlarda ukusyzlyk, ruhy taýdan näsazlyklar, öz-özüňi heläklemek ýaly näsazlyklar görünýär kokainiň ýürek myşsasy we skelet muskullary boýunça dogry toksik täsirleri bardyr. Alkogoliklere we neşekeşlere medisina taýdan bejeriş kömegi mümkinmi? Alkogolikleriň we narkotik madda özüni aldyranlaryň bejeriş kömegi üçin günbatar ýurtlrynda, bu maksat bilen gurlan ýörite kliniki keselhanalary bardyr. ýurdumyzda-da şeýle şahslaryň bejerişi üçin has köp keselhanalar, psihatriýa klinikalar hyzmat edýär. Alkogolizmiň bejerişi üçin şu wagt geçginli bolan derman antabus atly maddadyr. Bu derman alkogol alan şahsa berlen wagty alkogolyň ýanma hereketini kislota aldegidi diýip atlandyrylan derejede togtadýar, şeýlelikdebu arada şahs içgi alsa, onuň ýüreginiň bulanmagyna we gaýtarmagyna sebäp bolýar. Ine, bu täsirden bolsa şahs dermanly wagty alkogol almaýar, ondan tisginýär, bu ýagdaýyň soňra hem yzygiderligi talap edilýär. Bu bejeriş usuly käwagt bir ýyly hem aşýar. Ilkinji doza derman disupfiram (antabus) doktor gözegçiliginde bolýar, yzysüre keselli gözegçilik astynda bir ýyllap bolmak bilen birlikde belli dozada sistematik şekilde derman almagyny dowam etdirmelidir. Alkogolik şahs antabusy ulanan wagty her hepde ýa-da hepdede bir gezek yzygiderli gan, peşew, bagyr funksiýalary kontrol edilmelidir. Bagyr bilen baglanyşykly bir näsazlyk bolsa, bejeriş şolbada duruzylmalydyr. Geroin, morfiý, meň, lcd ýaly narkotik maddalara özüni aldyran adamlaryň bejerişilişinde, bu maddalaryň terki ýagdaýynda başga agyrlary aýyryjy maddalar ulanylýar. Meselem, morfin alan adamy bejermek üçin, morfiý kesilen wagtynda, şol kesilme azarlarynyň öňüni almak üçin methadon atly başga köşeşdiriji, rahatlyk beriji madda ulanylýar. Bu derman bejerişleriniň yzysüre isle alkogolikleriň , isle-de narkotik maddalara özüni aldyranlaryň täzeden şol maddalary ulanmalarynyň öňüni almak üçin psihoterapiýa bejerişi gerekdir. Bejeriş üçin umumy ynanç şudur, ýagny bu hili bejeriş-lerde şahsyň içgini ýa-da narkotik maddany taşlamaga anyk niýetli bolmagy gerekdir. Alkogolik ýa-da içgä özüni aldyran şahs içgini taşlamaga,ýagny hökmany goýbolsun etmäge anyk niýet etjekdir,lukman hem oňa ýakyn ýardamçy boljakdyr .Ýogsa ýakyn tanyş-bilişleriniň täsiri we zorlugy bilen bejerişe gelen şahs keselhanadan aýrylandan soň gysga bir möhletden soňra gaýtadan içmäge başlar. Gazy uniwersitetiniň Medisina fakultetinden bir barlag geçirýän topar alkogoly taşlamak üçin bejerişi geçen 90 kişini ynançlary taýdan öwrenipdir, pikir edileniň tersine bu alkogolik ynsanlarynyň köpüsiniň ynançlary bolan, ýöne ybadat taýyndan gowşak kişiler bolandygyny anyklapdyrlar. Bu şahslaryň 80%-i içginiň dini taýdan haram bolandygyny kabul edip, içgi içenleri sebäpli özlerini günäli hasaplaýarlar. Barlag geçirenler öz barlaglarynyň netijesi hökmünde içgini terk edip taşlamakda öz islegiň ähmiýetli rolunyň bardygyny ýatladyp, içgini terk etmekde ynançlaryň hem ähmiýetli bir rolunyň bolup biljekdigini belläpdirler. Barlag geçirenler bu tälimiň, öwüdiň diňe alkogola özüni aldyran kesellilere däl, eýsem ýaşlykdan başlap beriljek terbiýede-de alkogol temasynda bu tipli maslahatlaryň peýdaly bolup biljekdigini ýatladypdyrlar. Çilime degişli birnäçe meseleler Çilim temmäki ösümliginiň guradylan ýapraklaryndan taýýarlanylýar. Temmäki pura , ysgalýan temmäki we hat-da çeýneme görnüşleriniň ulanylyşy ýaly, çybyk bilen hem çekilip bilinýär. Temmäkiniň, çilimiň zyýansyz bolan görnüşi ony çekmezlikdir. Ýöne, şübhesiz, çilim görnüşindäki ulanylyşy organizme iň zyýanly bolan temmäki ulanma endigidir. Çilim tüssesinde 4000 töweregi himiki madda bardyr we olaryň hemesi adam bedenine zyýanlydyr. Iň zyýanlylary bolsa nikotin, katran, karbonmonoksid we rak keselini emele getirýän konserogen ýaly maddalardyr. Çilim ýatkeşligi küteldýär, adamyň keýpini gaçyrýar, ukusyzlyga sebäp bolýar. Ol ýüzde ýygyrt emele gelmegine, gasyn atmagyna ýol açýar. Çilimiň zyýanlary bu ýerdäki görkezilenlerden has-da artykdyr. Şu wagta çenli onuň bir peýdaly tarapyny görkezen tapylmandyr. Çilimiň hususan ynsan saglygyna örän zyýanly täsirleriniň bolýandygyna düşünilenden soňra , başda Amerikanyň Birleşen Ştatlary bolmak bilen köp sanly Günbatar ýurtlarynda çilime garşy güýçli bir kampaniýa başladylypdyr. Meselem , Amerikada 30 ýyl çemesi öň telewideniýelerde çilim reklamasy galdyrylypdyr, çilim gutylarynyň ýüzüne “ Çilim çekmek saglygyňyz üçin zyýanlydyr” diýen sözlem ýazylypdyr. Ýurdumyzda heniz ýeterlik derejesinde bolmasa-da, käbir çäreler geçirilýändir.

Köneler, BayramGara tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir