Dünýäniň iň meşhur gözleg motory google'yň ýolbaşçysy Eric Schmidt, Pennsylvania uniwersitetiniň uçurym dabarasyndaky eden çykyşynda, täze uçurym bolan ýaşlara kompýuterleriňizi öçürip, hyýaly dünýäniň daşynda hakyky dostluklar edinmeklerini we adamçylygy adamlaryň arasynda tanamak pursady döretmeklerini ündedi. takmynan 6 müň uçurymyň öňünde gürlän Schmidt, şeýle diýdi: "kompýuterleriňizi öçüriň, munuň bilen bilelikde jübi telefonlaryňyzam öçüriň we daş-töweregiňizdäki adamlary tanaň.. gelejekde bir gün agtygyňyzyň ilkinji ädimini atan wagty elinden tutmak, hiç bir dižital sistemanyň oýandyryp biljek bir duýgysy däl.."

Köneler, şakird tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir